24.1 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Hormatly Gümrük Gullugynyň Harby Gullukçylary we Işgärleri!

Hormatly gümrük gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!

Hormatly gümrük gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredilmeginiň 25 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size ata Watanymyzyň gümrük serhedini, berkarar döwletimiziň milli bähbitlerini we ykdysady howpsuzlygyny goramak, ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklarynyň hem-de milli ykdysadyýetiniň ösmegine ýardam bermek ugrunda alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gümrükçileri!

Dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň, durnukly ösüşiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýär. Eziz Watanymyz söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, söwdanyň halkara derejesinde ösmegine mynasyp goşant goşýar. Häzirki zaman köpugurly ulag-aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmäge işjeň gatnaşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň teklibi bilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň şu ýylda biziň ýurdumyzda geçirilmegi hem Türkmenistanyň sebitde üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek baradaky birnäçe anyk başlangyçlaryna dünýä jemgyýetçiliginiň aýratyn uly ähmiýet berýändigini görkezýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Ýewropa bilen Aziýanyň we Aziýanyň sebitleriniň arasyndaky ulag geçelgeleriniň kontinentleri birleşdirýän çatrygy kemala gelýär. Golaýda Aşgabat şäherinde täze, döwrebap halkara howa menzili ulanmaga berildi.

Şeýle hem, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň, «Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň» ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň, Amyderýanyň üstünden geçýän iri ulag köprüleriniň, Daşoguz we Türkmenabat şäherlerinde howa menzilleriniň gurluşygynyň ýokary depginler bilen alnyp barylmagy ýurdumyzda ulag-logistika strategiýasyny durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünlikleriň aýdyň mysalydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gümrük işgärleri!

Siziň serhetde ygtybarly gümrük gözegçiligini guramakda, harytlaryň serhetden bikanun geçirilmeginiň öňüni almakda, dünýäde ykdysady durnuksyzlygyň dowam edýän döwründe ýurdumyza getirilýän harytlary azaldyp, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga gönükdirilen daşary ykdysady işini gümrük taýdan düzgünleşdirmekde alyp barýan tutanýerli işiňize döwletimiz mynasyp baha berýär.

Häzirki zaman gümrük syýasatyny durmuşa geçirmek işiniň aýrylmaz böleginiň biri hem gümrük işinde maglumatlar tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagydyr. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Döwlet gümrük gullugynda resmileşdiriş işlerini awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän täze, döwrebap programma üpjünçiligi bolan bitewi maglumat aragatnaşyk ulgamyny hem-de halkara gatnawy boýunça ýük daşaýan awtoulaglaryň ýurdumyzyň çägindäki hereketine göni aragatnaşykda elektron gözegçiligi üpjün edýän ulgamy gurnamaga badalga berildi. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanýan bu ulgamlaryň gurnalmagy bilen ýurdumyzda gümrük işi has-da kämilleşer, netijede bolsa, ýurdumyzyň daşary söwdasynda haryt dolanyşygynyň möçberi artar.

Berkarar Watanymyzyň merdana gümrükçileri!

Siziň harby kasama wepalylygyňyz, kämil bilim derejäňiz, ýokary hünär ussatlygyňyz we öz wezipe-borçlaryňyzy birkemsiz ýerine ýetirmegiňiz döwletimiziň ykdysady bähbidini hem-de abadan jemgyýetimiziň asudalygyny goramagyň ygtybarly kepili bolup durýar.

Gümrük gullugynda täze, döwrebap programma üpjünçiligi bolan bitewi maglumat aragatnaşyk ulgamyny gurnamaga girişilmegi gümrük işgärleriniň öňünde ol ulgamy ulanmak bilen bagly iş endiklerini ele almak, halkara tejribesini içgin öwrenmek hem-de gümrük kanunçylygyny döwrebap ýagdaýa getirmek ýaly täze wezipeleri goýýar.

Siz Merkezi Aziýada ilkinji gezek gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin niýetlenip ýurdumyza getirilýän daşary ýurt harytlary babatda ygtybarly gümrük gözegçiliginiň guralmagyny hem-de ol harytlaryň serhetden çalt we bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmelisiňiz.

Siziň her biriňiziň bilimiňizi, ukyp-başarnygyňyzy, gujur-gaýratyňyzy gaýgyrman, bu jogapkärli wezipeleri yhlasly we tutanýerli berjaý edip, abadançylygyň hem-de rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gümrük serhedini ygtybarly gorajakdygyňyza berk ynanýaryn.

Sizi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredilmeginiň 25 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti «KAMAZ» Açyk Paýdarlar Jemgyýetiniň Baş Direktoryny Kabul Etdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana Gol Çekdi