26.9 C
Aşkabat
13.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Daşoguzda Toplumlaýyn Gurluşyk Maksatnamasy Üstünlikli Durmuşa Geçirilýär

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkeziniň günorta-günbatar böleginde ýaşaýyş jaý toplumy çalt depginlerde kemala gelýär. Bu ýerde döwlete degişli we hususy kärhanalar ýokary amatlykly jaýlary bina edýärler.

«Merdana doganlar» hususy kärhanasynyň hünärmenleri 16 we 24 öýli 4 gatly jaýlaryň dördüsiniň gurluşygyny tamamlap, täze binanyň düýbüni tutmaga girişdiler. «Derkar» hususy kärhanasy hem şeýle binalaryň bäşisiniň gurluşygyny alyp barýar. Meýdany 204 inedördül metre golaý dört otagly we 171 inedördül metr üç otagly öýleriň açyk eýwany hem-de öý goşlaryny goýar ýaly aýratyn otagy bar.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmenbetonönümleri» ÖB-niň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynyň gurluşuk bölüminiň hünärmenleri köp öýli iri panelli jaýlaryň üçüsini bina etdiler. Olarda daşoguzly maşgalalaryň amatly şertlerde ýaşamagy üçin ähli şertler döredilipdir.

Ýakyn döwürde Görogly köçesiniň ugrundaky täze ýaşaýyş jaý toplumynda köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň on bäşisi we söwda hem-de durmuş hyzmaty edaralarynyň birnäçesi gurlar. Olaryň bir bölegi eýýäm şu ýyl ulanmaga berler.

Häzirki wagtda Daşoguzyň dürli sebitlerinde amatly köp öýli jaýlaryň we durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň birnäçesinden ybarat şäher toplumlary gurulýar. Olar zerur inženerçilik-tehniki kommunikasiýalar bilen üpjün edilýär, töweregine agaçlar ekilýär we doly abadanlaşdyrylýar.

***
«Muhammet-Balkan» Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri Daşoguzda döwrebap awtowokzal gurýarlar. Binanyň gurluşygynda ýokary hilli gurluşyk we bezeg materiallaryndan peýdalanylar, onuň dizaýnynda milli nagyşlar, şol sanda ýurduň demirgazyk sebitine mahsus haly gölleri ulanylar.

Awtowokzal jemi üç gektar meýdany tutar. Onuň iki gatly binasynda garaşylýan zal, ulaglaryň ähli görnüşlerine bilet kassalary, sorag-jogap gullugy, el goşlary saklanylýan ýer, bufet we ýolagçylar üçin beýleki amatlyklaryň ählisi göz öşňünde tutulan.

Wokzalyň daşynda awtobuslara münülýän meýdançalra bar. Şeýle hem toplumda awtomobil duralgalary, beýleki desgalar bolar. 2,5 müň inedördül metrden gowrak ýerde saýaly we bezeglik gyrymsy agaçlar ekiler, onuň töweregi abadanlaşdyrylar.

Çeşme: Batyr ÖRÄÝEW
Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/

google de alexa turkmenistan habar

Degişli makalalar

«Тürkmenawtoulaglary» Agentliginiň we «KAMAZ» JPJ-niň Arasynda Wideomaslahat Görnüşinde Duşuşyk Geçirildi

turkmenhabargullugy

Çeperçilik Akademiýasynda Okuw Ussahanasynyň Okuwçylarynyň Sergisi Guraldy

syrach

Belent Sütünli Döwlet Baýdaklary – Watanymyzyň Gülläp Ösüşiniň Nyşany

syrach