22.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmen Milli Göreşi Boýunça Serdar Şäheriniň Birinjiligi Tamamlandy

Ýakynda milli göreş boýunça Serdar şäheriniň birinjiligi tamamlandy. Mekdep okuwçylarynyň arasynda gurnalan bu ýaryş Serdar şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň jogapkärliginde geçirildi.

Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde Arazdurdy Arazdurdyýew (40 kg.), Osman Orazdurdyýew (45 kg.), Ybraýym Çopanow (50 kg.), Ahun Hemraýew (55 kg.), Ysmaýyl Annamyradow (60 kg.), Oraznur Rejepow (65 kg.), Hangeldi Hemraýew (70 kg.), Güýçberdi Orazow (75 kg.), Turan Gurbannepesow (+75 kg.) dagylar öz agramlarynda I orna mynasyp bolmagy başardylar.

Ýaryşda baýrakly orunlary eýelän türgenlere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlar we medallar gowşuryldy.

Gülälek MEREDOWA,

Serdar şäher sport mekdebiniň usulýetçisi.

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistan Fotosuratlary 14

GDA-nyň Synçylar Toparynyň Aagzalary Dalaşgärleriň Ynanylan Wekilleri Bilen Duşuşyklary Dowam Edýärler

Türkmenistanyň Neşirýat Önümleri Minskide Halkara Kitap Sergi-Ýarmarkasynda Görkezildi