29.9 C
Aşkabat
25.07.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Futbol Çempionatymyzyň Altynjy Tapgyrynyň Ilkinji Duşuşyklary Geçirildi

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň çäginde duşuşyklaryň üçüsi geçirildi.

Paýtagtymyzda “Altyn Asyr” bilen “Aşgabat” toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýänleri 4:1 hasabyndaky üstünliklerini baýram etdiler.

Gazanan bu ýeňşinden soň utugyny 12-ä ýetiren paýtagtymyzyň topary ýaryş tertibinde birinji basgançaga geçmegi başardy. 6-njy tapgyryň duşuşygyny 5-nji maýda geçirýän “Ahal” toparynyň hem häzirlikçe 12 utuk toplandygyny aýtmak gerek. Ýöne özaralarynda geçirilen duşuşygyň netijesinde “Altyn Asyr” ýaryş tertibinde ýokarky orny eýeleýär.

Oýun gününiň beýleki duşuşyklarynda “Şagadam” öz meýdanynda “Köpetdagy” 1:0 hasabynda ýeňdi. “Merw” bolsa Balkanabadyň “Nebitçisinden” üstün çykdy – 2:0.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 8-9-njy maýda geçiriler.

 

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Altyn Asyr” – “Aşgabat” – 4:1

Gollar: 6 Myrat Annaýew, 16, 40 Altymyrat Annadurdyýew, 89 Begençmyrat Myradow (“Altyn Asyr”) – 85 Nazar Towakelow (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 9 Mihail Titow, 56 Begenç Akmämmedow, 79 Myrat Annaýew, 90 Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”) – 8 Süleýman Orazow, 14 Baýjan Satlykow, 25 Myrat Amantaganow, 49 Azat Rahmanow (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 300

 

 “Şagadam” – “Köpetdag” – 1:0

Gol: 29 Yhlas Magtymow (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 27 Aşyrgeldi Saryýew, 37 Musa Nurnazarow, 53 Daýanç Orazgulyýew, 75 Hemra Amanmämmedow, 78 Farhat Italmazow (“Şagadam”) – 8 Ýakup Magsatow, 80 Ýazgylyç Gurbanow (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 500

 

 “Merw” – “Nebitçi” – 2:0

Gollar: 65 Begenç Alamow (11 m.j.u.), 86 Rasim Gereýhanow (“Merw”)

Duýduryşlar: 30 Serdar Annamämmedow (“Merw”) – 3 Sapa Arazgulyýew, 5 Muhammet Annaýew, 28 Nurtagan Mämmedalyýew, 63 Batyr Geldiýew, 85 Hemra Gulyýew (“Nebitçi”)

Geçirilen ýeri: “Sport desgasy” stadiony (Baýramaly ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: A.Jumaýew (Aşgabat ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 1000

 

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “ALTYN ASYR” FK 6 3 3 0 11-5 12
2. “AHAL” FK 5 4 0 1 9-2 12
3. “AŞGABAT” FK 6 3 1 2 8-7 10
4. “ŞAGADAM” FK 6 2 2 2 3-4 8
5. “KÖPETDAG” FK 6 2 2 2 3-3 8
6. “MERW” FK 6 2 0 4 3-7 6
7. “ENERGETIK” FK 5 1 2 2 3-4 5
8. “NEBITÇI” FK 6 1 0 5 4-12 3

 

VII tapgyr:

Oýun 25. 8-nji maý (an.) “Köpetdag” – “Merw”
Oýun 26. 9-njy maý (şe.) “Nebitçi” – “Altyn Asyr”
Oýun 27. 9-njy maý (şe.) “Energetik” – “Şagadam”
Oýun 28. 9-njy maý (şe.) “Aşgabat” – “Ahal”

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-nde Bütindünýä Bankynyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk

Türkmenistanyň Pekindäki Diplomatik Wekilhanasy Halkara Telekeçiligi we Ykdysadyýeti Uniwersitetinde Duşuşyk Geçirdi

Ýanwar Aýynda Täze Ýyl Dabaralaryndan Hem-de Ýaş Zehinleriň Bäsleşiklerinden Ybarat Wakalara Baý Bolar