01.12.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

“Altyn Asyr II” Birinji Aýlawyň Ýeňijisi Boldy

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýedinji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi.

Balkanabatda “Nebitçi II” topary bilen geçirilmeli duşuşygy ýer eýeleriniň meýdana çykmandygy sebäpli, bu duşuşykda ýer eýelerine 3:0 hasabynda tehniki ýeňliş yglan edildi.  Şeýlelikde,  Aziz Kambarowyň tälim berýänleri bu tapgyrdan soň utuklaryny 21-e ýetirip, birinji aýlawyň netijesi boýunça ýaryş tertibini birinji hatarda tamamlady.

Maryda geçirilen duşuşykda “Energetik II”  “Şagadam II” toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Birinji aýlawyň jemi boýunça ikinji, üçünji orunlary degişlilikde “Nebitçi II” hem-de  “Köpetdag II”toparlary eýeleýärler.

Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň birinjiliginiň ikinji aýlawyna 12-nji maýda badalga berler. 8-nji tapgyryň çäginde geçiriljek duşuşyklarda “Aşgabat II” – “Şagadam II”, “Merw II” – “Altyn Asyr II”, “Nebitçi II” – “Ahal II” hem-de “Energetik II” – “Köpetdag II” toparlary duşuşarlar.

 

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

 “Nebitçi II” – “Altyn Asyr II” – 0:3 (tehniki ýeň.)

 

 “Energetik II” – “Şagadam II” – 2:1

Gollar: 2 Ali Haýdarow, 61 Rahym Arslanow (“Energetik II”) – 10 Wladislaw Anisiçkin (“Şagadam II”)

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

24-25-nji Fewralda Dubaý Şäherinde “TOPH Gaz Geçirijisi Parahatçylygyň we Hyzmatdaşlygyň Gaz Geçirijisidir” Atly Halkara Maslahaty Geçiriler

turkmenhabargullugy

Türkmen Mergenleriniň Ilkinji Medallary

syrach

Aziýa Çempionatynyň Final Tutluşyklary Türkmen Samboçylaryna Täze Altyn Medallary Getirdi

syrach