21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Okuwçylaryň Sport Bäsleşikleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda sport we ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sporty ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, sport bilen meşgullanmaga höwesli bolan ýaşlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary degişli işleri geçirýärler.

Şeýlelikde, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Aşgabat şäher bölümi, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi, «Türkmen sporty» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynyň bilelikde ylalaşylan meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Aşgabat şäheriniň 72-nji orta mekdebinde sportuň futbol, küşt, şaşka, stol tennisi görnüşleri hem-de türkmen milli çilik oýny boýunça ýaryşlar ýokary derejede geçirildi. Esasanam, çilik oýny boýunça guralan bäsleşikleriň okuwçylarda has uly gyzyklanma döredendigini bellemek gerek.

Ýaryşlary geçirmekde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary özleriniň işjeňligini görkezdiler.

Şöhrat Orazow,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň baş hünärmeni.

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Termezde Maslahat Geçirildi

syrach

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach

«Marytelekom» Nyrhlary Peseldýär

turkmenhabargullugy