27.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

“Lebap” Topary Çempionlyk Derejesini Gazandy

Lebap welaýatynyň “Lebap” topary 2002-nji ýylda doglan ýaşlaryň arasynda geçirilen ýurdumyzyň futbol birinjiliginde çempionlyk derejesini gazanmagy başardy.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ady bilen geçirilen bäsleşiginiň final duşuşygynda “Mary” topary bilen duşuşan “Lebabyň” futbolçylary netijeli urgularyň ikisini geçirmegi başardylar. Esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlanan bu duşuşykda “Lebap” toparyna ýeňiş getiren top goşmaça wagtyň ikinji ýarymynda derwezä geçirildi.

Baýrakly üçünji orny paýtagtymyzyň GOÝÇYSM topary eýeledi.

Garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 5-sini geçiren Serdar Batyrow (“Daşoguz”) çempionatyň “Iň köp top geçiren oýunçy” baýragyna mynasyp boldy.

Ýaşlaryň arasyndaky birinjiligiň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Gökje ýaşaýyş jaý toplumyndaky “Sport desgada” geçirilendigini ýatladýarys.

Geçirilen duşuşyklary netijeleri:

Üçünji orun ugrunda duşuşyk:

GOÝÇYSM – “Balkan” – 2:2 (11 m.j.u. — 4:3)

Final:

“Lebap” – “Mary” – 1:1 (goş.w. — 2:1)

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanda Adam Söwdasynyň Meseleleri Boýunça Maslahaty Geçirildi

syrach

Türkmen Türgenleri Dopinge Garşy

syrach

1-nji Sentýabrda Aşgabatda Täze Mekdepler we Ýokary Okuw Mekdebiniň Binalary Açylar