Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak pagta gelip gowuşdy. Bu san gün-günden ýokarlanýar. Şu ýyl bereketli hasyl ösdürilip ýetişdirildi, ýygym möwsümi gyzgalaňly barýar we häzirki döwürde ýurdumyzyň daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge golaýladylar. Öňde goýulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin wagtam bar, şertam. Esasy zat işi oňaýly guramagy başarmaly. Häzirki döwürde ýyllyk meýilnamalaryny ýerine ýetiren etraplar şeýle hem etdiler, olar eýýäm zähmet ýeňşini gazanandyklary barada raport berdiler.
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda biziň ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Onuň netijesinde agrosenagat toplumynyň işi düýpli üýtgedildi we agrar syýasatyň täze ugurlary aýdyň edildi. Häzirki döwürde azyk bolçulygyny üpjün etmek wezipesi berjaý edildi. Indi oba hojalyk işleriniň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak we onuň eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek meselesini çözmeli. Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda esasy pudaklaryň biri bolan pagtaçylykda özgertmeleriň düýpli netijeleri aýdyň görünýär. Şunlukda döwlet tarapyndan bu pudaga ägirt uly serişdeler goýberilýär we häzirki zaman tehnikalary hem-de tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar.
Ýygym döwründe tabşyrylýan hasylyň hilini «Türkmenstandartlary» Döwlet gullugynyň işgärleri barlaýarlar. Bu bolsa pagtaçylaryň bähbidini ygtybarly üpjün edýär. Tabşyrylan hasyl üçin töleg «Daýhanbankyň» ýerlerdäki bölümleri tarapyndan bada-bat amala aşyrylýar. Özgertmeleriň barşynda döredilen « Ak altyn» pagta söwdasy kärhanasy üçin oktbýar aýy gyzgalaňly möwsüm bolup durýar. Bu kärhana pagtany ýerlemek boýunça ähli aladany öz üstüne aldy. Bu asylly ýörelgä laýyklykda, daýhanlaryň gyzyklanmasy ýokarlandy. Şeýlelikde türkmen pagtasyny bazar konýunkturasy nukdaýnazaryndan süýüme bolan bahanyň ýokarlanan mahaly ýerlemek mümkinçiligi artdy.
Oba hojalyk önümçiliginiň, ilkinji nobatda bolsa pagtaçylaryň zähmetiniň esasy aýratynlygy ýeterlik alada, ýere eýeçilikli üns bermek arkaly bol hasyl almakdan ybaratdyr. Özgertmeler ugrunyň ýene-de bir aýratynlygy, ol hem daýhany öndürijilikli zähmete höweslendirmek we netijeli bazar mehanizmini önümçilige ornaşdyrmak bolup durýar. Bu pudakda birnäçe derwaýys çäreler durmuşa geçirildi. Täze Galkynyş eýýamynda daýhanlardan çig maly satyn almagyň nyrhy ýokarlandy we ähli hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýlelikde pagta ösdürip ýetişdirmäge isleg bildirýänleriň sany artdy we ahyrky netijä bolan jogapkärçilik ýokarlandy. Gije-gündiz meýdanda zähmet çekýän daýhan öz zähmetiniň eşret getirjekdigine ynanýar. Eger-de daýhanlara tohumlyk pagta ekmäge idin berilen bolsa, onda onuň girdeýjisi has-da ýokarlanýar. Hut şonuň üçinem kärdençiler tutuş maşgala bolup el ýygymyna girişýärler. Şeýle hem gowaçanyň ujuny çyrpmak işlerini hem agzybirlikde el güýji bilen ýerine ýetirýärler.
Gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek iň bir çylşyrymly işleriň biri bolup durýar. Her bir agrotehniki çäre örän ünslüligi hem-de abyrsyz zähmeti talap edýär. Şeýlelikde onuň girdejisi hem şoňa laýyk bolýar. Çünki gowaçalara ideg etmek häzirki döwürde örän peýdaly bolup durýar we ol ýokary derejede girdeýji getirýär. Daýhanlar bilen hasaplaşyk işlerini öz wagtynda geçirmek bilen çäklenilmän, eýsem öňünden ýygymçylaryň zähmetine töleg üçin serişdeler hem goýberilýär. Bu bolsa ýygym möwsüminiň netijeli hem-de öz wagtynda geçirilmegine ýardam berýär. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda pagtaçylyk pudagyna hil taýdan täze bazar mehanizmleri ornaşdyryldy. Bu bolsa ýurdumyzyň agrosenagat toplumy üçin möhüm hem-de iň bir girdeýjili pudagyň netijeliligini täze derejede çykarmaga mümkinçilik berdi. Çünki daýhanlaryň özleri öndürijilikli zähmete gyzyklanýarlar, pagtaçylyk hünäriniň abraýy artýar. Bu bolsa ýokary girdeýjini hem-de maşgaladaky bolçulygy şertlendirýär.
Täze Galkynyş eýýamynda pudagy tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga ugur alyndy. Häzirki döwürde pagtaçylaryň ygtyýarynda häzirki zaman pagta ýygyjy kombaýnlaryň uly parky bar. Olaryň birleşen tagallasy hem-de mehinizatorlaryň öndürijilikli zähmeti ýygym möwsümine kuwwatly itergi berdi. Sürüm, ekiş we ekerançylyga ideg etmek üçin niýetlenen tehnikalaryň parkynyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Ýokary derejedäki mehanizmleşdirmek zähmet önüdirijiligini ýokarlandyrýar. Ýurdumyz oba hojalyk pudagyny häzirki zaman tehnikalar bilen gysga möhletde doly üpjün etmäge ukyplydygyny aýdyň etdi.
Ekerançylygy toprak-howa şertlerine laýyklykda sebitlere bölmek ýörelgesi ýokary hasylylyga oňaýly täsir etdi. Şunlukda tohumçylyk pudagynda agrar ylmynyň täze gazananlaryny peýdalanmak boýunça uly işler alnyp barylýar we ekinleriň sortlaryna uly üns berilýär. Häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynyň agramly bölegini ekinleriň örän netijeli, öňi bilen bolsa ýerli sortlary eýeleýär. Şunlukda tohumlary etraplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda orta süýümli pagtanyň 9 görnüşi, inçe süýümliniň bolsa 4 görnüşi ekilýär. Şunlukda her welaýat, etrap we hatda hojalyk üçin sortlaryň has oňaýlysy saýlanyp alyndy. Indi ekerançylyk meýdanlaryny giňeltmek arkaly däl-de, eýsem ekiniň hasylylygyny ýokarlandyrmak arkaly oňyn netije gazanylýar. Şeýlelikde beýleki ekinleriň meýdanlary giňelýär. Täze agrar syýasaty özüniň netijeliligini subut etdi. Oba hojalyk önümçiligini diwersifikasiýa etmek bolsa ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň netijeliligini artdyrdy, azyk bolçulygyny üpjün etdi.
Şu ýyl pagta ýygym möwsümi 550 müň gektar ýerde ýaýbaňlandyryldy. Gowaçalar welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda ekildi. Häzirki döwürde özleriniň ýyllyk meýilnamalaryny berjaý eden daýhanlar entegem pagta ýygymyny dowam edýärler. Şu ýyl pagtaçylyk üçin amatly howa şertleri boldy. Daýhanlar bu artykmaçlykdan dolulygyna peýdalanmagy başardylar. Geçen ýaz paslynda amatly howa bolup, daýhanlar gowaçany ikinji gezek ekmeli bolmadylar. Tomusda günüň gyzmagy gowaçalaryň ýeterlik hasyl toplamygyny şertlendirdi. Şeýlelikde pagta ýygymyna adatdakydan bir hepde öň girişildi. Güneşli güýz pasly bolsa ýygym möwsüminiň guramaçylykly we bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün etdi.
Pagta ýygym möwsüminiň öňüsyrasynda döwlet Baştutanynyň ýurdumyzyň welaýatlaryna bolan iş saparlarynda, şeýle hem oba hojalygyny ösdürmegiň meseleleri boýunça geçirilen maslahatlarda hormatly Prezidentimiz möhüm pagta ýygym möwsümini guramaçylykly geçiräge ýerli ýolbaşçylaryň jogapkärli çemeleşmelidiklerini aýratyn belledi. Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň işinde ownuk zadyň ýokdugyny, ýygym möwsüminde mehanizmleriň anyk işiniň ýola goýulmagy üçin ähli çäreleriň görülmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tehnikalaryň, kabul ediş punktlarynyň işini ýokary derejede guramaga juda ünsli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutany pagta ýygymyna dahylly agrar pudaklaryň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi. Bu bolsa häzirki döwürde iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.
Ýygym möwsümi pagtaçylar üçin hakyky synagdyr. Onuň üstünlikli geçirilmegi guramaçylyk çäreleriniň hiline bagly bolup durýar. Häzirki döwürde her bir daýhan birleşiginiň pagta meýdanlarynda gyzgalaňly iş alnyp barylýar. Ýygym möwsüminiň etrap we welaýat ştablaryndaky işler giç agşama çenli dowam edýär. Bu ýerlere ýygymygyň barşy baradaky maglumatlar gyssagly gelip gowuşýar. Biz hem ýygym möwsümine gatnaşyjylara – mülkdarlara, kärendeçilere, mehanizatorlara, kabul ediş punktlarynyň işgärlerine, ýük maşynlarynyň sürüjilerine, oba hojalyk hünärmenlerine bu özboluşly synaga abraý bilen hötde gelmekleri üçin üstünlik arzuw edýäris. Häzirki döwürde ýurdumyzyň birnäçe etraplary şeýle jogapkärli wezipäni abraý bilen ýerine ýetirdiler.
Biziň ýurdumyzda pagta eksport üçin niýetlenen oba hojalyk önümleriniň biri bolup durýar. Galyberse-de, soňky ýyllarda Türkmenistan pagtadan öndürilýän önümleri has ýokary möçberde goşulan gymmat boýunça eksport edýär. Dokma pudagynyň binýady ýylsaýyn pugtalandyrylýar, diňe soňky aýlaryň dowamynda bu pudaga degişli täze kärhanalaryň birnäçesi ulanylmaga berildi. Şoňa görä-de hut ýurdumyzda gaýtadan işlenilýän türkmen pagtasynyň paýy yzygiderli artýar. Geljekde şunuň ýaly döwrebap kärhanalaryň pagta ösdürip ýetişdirýän her bir etrapda guruljakdygy birnäçe gezek bellenildi. Gowaçanyň çigdini gaýtadan işlemek ýene-de bir möhüm ugur hasaplanýar. Ýag işläp taýýarlaýan «Ahal» kärhanasynyň ulanmaga berilmegi bu ugurda möhüm ähmiýete eýe boldy, bu kärhananyň döwrebap tehnologiýalary bäsdeşlige ukyply önümi işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Pagta ýygymynyň her bir güni, her bir sagady daýhanlara täze tejribäni toplamaga mümkinçilik berýändigine söz ýok. Bu tejribäniň öwrenilmegi reformalaryň mundan beýläk-de göwnejaý durmuşa geçirilmeginde, her bir gektar ýeriň berýän netijesiniň artdyrylmagyna ýardam eder. Ýetişdirilen bol pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli şertler döredildi. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler milli baýlygymyza eýeçilikli göz bilen çemeleşmäge gönükdirilendir.
referans: www.turkmenistan.gov.tm