Gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasynda 2013-2014-nji ýyllarda hokkeý boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionatynyň ikinji tapgyrynyň yza süýşürilen 11-nji duşuşygy geçirildi. Içeri işler ministrliginiň Galkan toparynyň we Haryt-çig mal biržasynyň Şir toparynyň duşuşygy ikinji tapgyryň esasy oýnuna öwrüldi, çünki buzly meýdança çempionatyň ilkinji ornunyň ykbalyny kesgitlemeli toparlar çykdylar.
Bu günki duşuşykda ýeňiş ilkinji nobatda Şir toparyna has zerurdy, Sebäbi şeýle ýagdaýda olar çempionatda ýeňiş gazanmaga ymtylyp bilýärdiler. Galkan bolsa tersine, geçirilen 12 duşuşykdan soň gazanylan 36 utuk bilen ýaryş sanawynda ilkinji orny ynamly eýeläp gelýär, häzirki duşuşykda bolsa oýnuň esasy wagtynda olara deňme-deň hasap hem ýeterlikdi. Munuň özi Galkanyň ýurduň çempiony bolmagyny öňünden kesgitleýärdi.
IIM-niň toparynyň hokkeýçileri şeýle amatly ýagdaýyň bolandygyna garamazdan, olar goranyş häsiýetde oýnamadylar, duşuşygyň ilkinji sekundlarynda hüjüm edip başladylar we Şir toparynyň derwezesine duşuşygyň ilkinji döwünde hokkeý topunyň 3-sini geçirdiler.
Ikinji 20 minutda Haryt-çig mal biržasynyň oýunçular topary jogap hokkeý topuny geçirmäge synanyşyp, 2 topy geçirmegi başardylar, dogrusy, olaryň öz derwezesine hem bir top geçdi. Şeýlelikde, ikinji arakesmä toparlar Galkan komandasynyň haýryna 4:2 hasabynda çykdylar.
Hokkeý okgunly we netijesini öňünden aýdyp bolmaýan oýundyr hem-de sportuň bu görnüşinde iki hokkeý topy uly artykmaçlyk däldir. Şoňa görä-de, üçünji döwde Şiriň oýunçylary garşydaşlarynyň derwezesine tarap hüjümlerini güýçlendirip, olary goranyşda oýnamaga mejbur etdiler. Döredilen amatly ýagdaýda Galkan toparynyň derwezesine hokkeý topy geçiriljek ýaly bolan bolsa-da, meýdançanyň orta gürpünde dörän çekeleşikli pursatda pökgi IIM-niň toparynyň hüjümçisi A.Aganyýazowa gelen mahaly ol güýçli urgy bilen garşydaşysynyň derwezesine topy gönükdirdi. Ol goragça degip, Şir toparynyň derwezebanyna tarap gelýän ugruny üýtgedip tora girdi.
Bu ýagdaý üçünji döwüň tamamlanmagyna takmynan 6 minut galanda boldy. Munuň özi Haryt-çig mal biržasynyň toparyna ýaramaz täsir etdi. Netijede, olar galan wagtda bary-ýogy diňe ýeke top geçirmegi başardylar. Şeýlelikde, Galkan topary 5:3 hasabynda utup, Türkmenistanyň ilkinji çempiony diýen derejä eýe boldy.
Soňky tapgyrda esasy göreş kümüş baýrak ugrunda bolar. Ikinji orna Şir we Nesil dalaş edýärler. Olarda degişlilikde 31 we 28 utuk bar. Toparlaryň ilkinjisi ýaryşda soňky orunda barýan Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň topary, ikinjisi bolsa eýýäm Türkmenistanyň häzirki çempiony bilen duşuşar.
Ýaryşyň sanawynda dördünji orun Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ilkinji ýaryşa gatnaşmaga hukuk berýär. Bu ýaryş baharda geçiriler. Bu orna şeýle hem iki topar Oguzhan (19 utuk) we Merdana (18 utuk) dalaş edýärler. Bijä görä, soňky tapgyrda olar öz aralarynda duşuşýarlar, şoňa görä-de bu duşuşyk örän gyzykly bolar.
Çempionatyň jemleýji oýunlary öňümizdäkid dynç günleri Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler.