18.9 C
Aşkabat
19.05.2024
SAGLYK

Süýji buýanyň ylmy esasda öndürilişi.

Türkmenistanyň tebigaty senagatda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda ulanylýan dürli görnüşli ösümlik dünýäsine baýdyr. Olaryň biri hem kösükliler maşgalasyna degişli bolan, derýalaryň arasyndaky ýerlerde arna jeňňelliklerini emele getirýän, Amyderýanyň we Syryderýanyň boýlarynda ösýän buýandyr. Bu ösümligiň gymmatlygy dermanlyk häsiýetine eýe bolan kökündedir

Bu lukmançylygyň taryhynda iň gadymy dermanlyk ösümlikleriň biridir. Häzirki zaman lukmançylygynda buýan köki dem alyş ýollarynyň kataral kesellerinde gakylyk goparyjy serişde hökmünde ulanylýar. Buýan köküniň serişdeleriniň ähmiýeti ýara garşy işjeňligi kesgitlenenden soňra we has hem immunitet dörediji häsiýeti ýüze çykarylanda, şeýle hem wirusa we allergiýa garşy häsiýetleri ýüze çykarylanda onuň ähmiýeti has hem artdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda buýan kökleriniň ösýän ýerleriniň hasaba alynan çäkleri bardyr. Bu ýerde her ýylda birnäçe müň tonna çig mal alynýar hem-de “Buýan” Oba senagat toplumynda gaýtadan işlenilýär. Türkmen buýanyny ösýän ýerleri ýeterlik ýaly bolsa-da, alymlar bu tebigy ösümligiň köküniň işjeň ulanylmagy, ýerleriň beýleki oba hojalyk ekinleri üçin giňden ulanylmagy, şeýle hem buýanyň ösýän ýerlerini özüniň girdabyna dolap alýan joşgunly akýan Amyderýäniň häsiýetleri netijesinde bu gymmatly ösümligiň öaýän çäkleri ýylsaýyn kemelýändigini belleýärler. Alymlar onuň netijeli peýdalanylmagyny, bu tebigy ösümligiň ösýän meýdanlarynyň çalt depginler bilen dikeldilmeginiň tehnologiýasyny, ýurduň beýleki tebigy zolaklarynda ony ösdürip ýetişdirmegi işläp taýýarladylar.

Teklip edilen çäreleriň arasynda – süýji buýany çölüň oazis ýakalarynda ösdürip ýetişdirmek bardyr. Şeýlelkide ol göçýän çägeleri berkediji, topragy baýlaşdyryjy hem-de beýlik ekinleriň ekiljek topragyny gurplandyryjy ösümlik bolup hyzmat eder. Buýan kökünden boşan ýerler örän gurply häsiýete eýedir. Bularyň barysy bilelikde bu ýokary netijeli pudagyň ygtybarly we uzak möhletleýin çig mal binýadyny emele getirmäge real mümkinçiligini döreder. Süýji buýan ösümliginiň ösdürilip ýetişdirilmeginiň gowlandyrylmagy bilen, golaý ýerlerde ýerleşýän maldarçylyk hojalyklarynyň iýmitlik binýadyny ygtybarly gowlandyrylmagyny üpjün eder.

Degişli makalalar

Ýiti Respirator Wirusly Ýokanç Keselleriň Öňüni Almak Boýunça BSGG-niň Maslahatlary

Talyplar Bedenterbiýe-Sagaldyş Çäreleriniň Bir Aýlygyna Işjeň Gatnaşýarlar

DIM-de Türkmenistanda Saglygy Goraýyş Ulgamynyň Işi Barada Maglumat Beriş Duşuşygy-Brifing Geçirildi