18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Sport äleminde täze belentliklere tarap.

Minskide uly sport abraýyny gazanyp Watanymyza gaýdyp gelen türkmen samboçylary paýtagtymyzdaky halkara howa menzilinde mähirli we güler ýüz bilen garşylandy. Mälim bolşý yaly, Belarus Respublikasynda dünýäniň 64 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen 36-nji dünýä ýaryşynda Türkmenistanyň wekilleri altyn, kümüş we bürünç medallary eýelediler. Ýaryşyň hormat münberiniň belent basgançagyna Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Gülbadam Babamuratowa çykdy. Ol 52 kilograma çenli bolan agram derejede bäsleşdi. Ýaryşyň kümüş baýragyna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň sport mekdebiniň türgenleşdiriji mugallymy Gülnar Haýytbaýewa 64 kilograma çenli agram derejede mynasyp boldy. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň dzýudo bölüminiň türgenleşdiriji mugallymy Nasiba Surkiýewa çykdy. Ol 68 kilogpama çenli bolan agram derejesinde bäsleşdi.

Säheriň çigrek howasyna garamazdan, ýurdumyzyň sport abraýynyň belende galmagyna goşant goşan ildeşlerimizi garşylamaga Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň işgärleri, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Milli sport merkezleriniň, sport mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri geldiler. Bu ýere ýygnanan ýaşlar gollarynda Türkmenistanyň döwlet baýdaklaryny, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň asylly şygarlaryny, türkmen türgenleriniň ruhlandyryjysy bolan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretlerini göterip, türkmen türgenleriniň beýik ýeňişlerini mübäreklemäge gelipdirler. Hemmeler dünýä birinjiliginde medallara mynasyp bolan ildeşlerimize sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Ine-de, howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda goýnunda ýeňijileri bolan nurana uçar peýda boldy. Birnäçe wagtdan uçaryň çykalgasynda döşleri medally, gollary güýz şemalyna pasyrdaýan baýdakly çempionlar göründi. Dünýäniň çempiony Gülbadam Babamuratowa Minskide geçirilen ýaryşda Ermenistanyň, Wenesuelanyň, Belarusuň we Russiýanyň türgenleri bilen güýç synanyşdy. Altyn medally ildeşimiziň yzysüre uçaryň çykalgasynda dünýä birinjiliginde ikinji we üçünji orunlary eýelän Gülnar Haýytbaýewa bilen Nasiba Surkiýewa peýda boldy. Dünýä ýaryşynyň ýeňijileri uçuş meýdançasynda al-elwan güller bilen garşylandylar. Olar ýylyň iň iri ýaryşynda ýeňiş gazanan türkmen türgenlerini ajaýyp çykyşlary bilen gutladylar. Fotohabarçylaryň ýalpyldaýan yşyklary ýeňijileriň medallarynda şöhle saçdy.

Resmi taýdan garşylanyş dabarasy tamamlanansoň we žurnalistleriň sowallaryna jogap berensoňlar, şöhrat gazanan samboçylarymyz şowhunly sazlara maýyl bolup tansa goşuldylar. Olar özleriniň owadan hereketleri bilen milli tansy ýerine ýetirdiler. Olara bu ýere ýygnanan talyp ýaşlaram goşuldylar we milletimiziň, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň bitewüligini, agzybirligini äşgär etdiler. Şu pursatda bu görnüşleri synlan adamlaryň kalplaryny şatlyk we öz ussat türgenlerine, mähriban hem-de özygtyýarly Watanyna bolan bimöçber buýsanç duýgusy gaplap aldy.

Ysraýylda dünýäniň 26 ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagynda agyr atletika boýunça talyplaryň arasynda geçirilen 3-nji dünýä çempionatynda Hojamuhammet Toýçyýew medallaryň üçüsine mynasyp bolup, ildeşlerimizi guwandyrdy. Iň agyr agram derejesinde (105 kg-dan ýokary) güýçli türgenleriň 8-si bilen bäsleşikde ol 165, 175 we 186 kilogram agramlykdaky ştangalary galdyrmakda üç gezek hem şowly çykyş edip, bu görnüş boýunça altyn medalyň eýesi boldy.

Biziň ildeşimiz ştangany itekläp götermek boýunça diňe iki gezek synanyşyk etdi (200 we 215 kilogram) we netijede, bu görnüşiň jemleri boýunça (401 kilogram) bürünç medallaryň ikisini eýeledi.

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 20 ýaşly talyby, Marynyň agyr atletika mekdebiniň uçurymy H.Toýçyýewiň 105 kilogram agram derejesinde bäsleşen türgenleriň arasynda iň kiçi ýaşlylaryň biri bolup, şeýle ajaýyp üstünligi gazanmagy örän buýsançly wakadyr. Geçen ýyl Daşkentde geçirilen Aziýanyň Kudogy ugrundaky ýaryşlarda ol ýetginjekleriň arasynda birinji we ulularyň arasynda üçünji orny eýeläpdi. Indi bolsa ýaş, zehinli türgeniň sylaglarynyň arasynda dünýä birinjiliginiň medallary hem mynasyp orun aldy.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda geçirilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlarynda gazanan üstünliklerini kanagatlanma bilen belläp, olara we tälimçilere öz gutlaglaryny aýtdy. Halkara derejesindäki iri sport ýaryşlaryna türkmen türgenleiniň gatnaşmagy we ýeňiş gazanmagy 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mynasyp geçirmäge taýýarlygyň çäklerinde has-da derwaýysdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Milli Sport we syýahatçylyk institutynda talyplaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen dünýä ýaryşynda we sambo boýunça ulularyň arasynda geçirilen dünýä ýaryşynda ýeňji bolan türgenlerimizi gutlamak dabarasy geçirildi. Ildeşlerimizi iri halkara ýaryşlarynda gazanan uly üstünlikleri bilen gutlamak üçin ýurdumyzyň Hökümetiniň agzalary, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we onuň düzümleýin bölümleriniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşyylary we işgärleri, şeýle hem institutyň talyplary ýygnandylar.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, sambo boýunça we talyplaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen dünýä ýaryşlarynda biziň türgenlerimiziň gazanan üstünlikleri Türkmenistanyň halkara giňişligindäki sport abraýyny has-da belende göterdiler. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen, halkara ýaryşlarynda üstnülik gazanyp, türkmen sportunyň ýokary derejelere çykmagyna, saldamly goşant goşan G.Babamuratowa, G.Haýytbaýewa, N.Surkiýewa we H.Toýçyýew dagy ýörite pul baýraklary bilen sylaglandylar. Dünýäniň çempiony G.Babamuratowa 10 müň amerikan dollary, dünýäniň wise-çempiony G.Haýytbaýewa 5 müň amerikan dollary, dünýä ýaryşlarynda bürünç medallara mynasyp bolan N.Surkiýewa we H.Toýçyýewe 3 müň amerikan dollary gowşuryldy.

Mundan başga-da, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, türkmen sportuny ösdürmekde we dünýä ýüzünde onuň abraýyny has-da belende götermekde bitiren hyzmatlary üçin, şeýle hem Watana wepaly, ussat türgenleriň terbiýelenip ýetişdirilmegine goşan saldamly goşandyny nazara alyp, Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji D.Tejenow Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglandy. Şeýle hem olara döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Döwlet Baştutanymyzyň ýeňiş gazanan türgenler toparyna ýokary baha bermegi ýurtda sportuň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere ägirt uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň türgenleri sylaglamagy türkmen türgenleri hakynda edilýän aýratyn aladany alamatlandyrmak bilen, ol ýaşlar üçin nusgalykdyr, olaryň türgenleşiklerde yhlaslaryny gaýgyrman belent derejelere ýetmegi, iri halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanmagy üçin kuwwatly itergidir.

Türkmen türgenleriniň gazanan beýik ýeňişlerine bagyşlanan dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda türkmen sportunyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we milli Liderimizi berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen türgenleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmen türgenleriniň gazanýan ýokary netijeleri, olaryň nobatdaky medallary baradaky habarlaryň soňky döwürde has köpelendigi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini goldamaga we ösdürmäge, şeýle hem dürli derejedäki halkara ýaryşlarynda mynasyp çykyş edip, ýurdumyzyň at-abraýyny belende götermäge ukyply ýokary taýýarlykly ussat türgenleri kemala getirmäge gönükdirilen syýasatynyň ajaýyp netijeler berýändiginiň subutnamasydyr.

“Biziň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatymyz, bedenterbiýe we sport ulgamyndaky giň halkara hyzmatdaşlygy, ýurtda iri halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi, türkmen türgenleriniň olimpiýa hereketine işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin kuwwatly itergi berer” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň ýakynda geçen mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Milli Liderimiziň bu aýdan sözleri häzirki döwürde iş ýüzünde aýdyň beýanyny tapýar. Şeýle hem soňky ýyllarda Türkmenistanyň iri halkara bäsleşikleriniň geçirilýän merkezine öwrülýändigini bellemeli. Biziň ýurdumyzyň paýtagtynda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilýän halkara ýaryşlary we futbol, tennis, sambo boýunça ýaryşlar hem muňa şaýatlyk edýär. Ahalteke bedewleriniň her ýyl geçirilýän halkara gözellik bäsleşigi hem atçylyk sportuna sarpa goýýan daşary ýurtlularda uly meşhurlyga eýe bolýar. 2013-nji ýylda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda ilkinji gezek “Volkicar” awtoulaglarynda halkara ýaryşlary guralar.

5-nji noýabrda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň öňünde şol ýaryşlarda biziň türgenlerimiziň ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmegini üpjün etmek boýunça taýýarlyk işlerini geçirmek wezipesini goýdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda awtoulag sportuny ösdürmek başlangyjy köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde milletiň saglygyny berkitmäge, berk bedenli we ruhy taýdan baý ýaş nesli terbiýelemäge gönükdirilen sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Milletiň Lideri sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolmak bilen, bu ugurda anyk, yzygiderli çäreleri geçirýär. Türkmenistanda awtomobil sporty boýunça Milli merkezi döretmek baradaky kararyň kabul edilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen awtotürgenleriniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen we dostlukly goňşy döwletleriň—Russiýanyň we Gazagystanyň baştutanlary tarapyndan goldanylan Dakar tapgyry boýunça “Ýüpek ýoly” halkara awtomobil ýaryşlaryna gatnaşmagy ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmekde hakyky öwrülişik pursady boldy.

Bu ýaryşlar halkara sport jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň belleýşi ýaly, “Ýüpek ýoly” awtomobil ýaryşlary diňe bir halkara ähmiýetli iri sport çäreleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga uly itergi berdi. Şunuň bilen birlikde, Kazan-Aşgabat ugry boýunça awtomobil ýaryşlarynyň geçirilmegi Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň, milletiň Lideri tarapyndan üýtgewsiz durmuşa geçirilýän parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň giň ykrarnamasyna şaýatlyk edýär.

2009-njy ýylda Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäkleri boýunça geçirilen “Ýüpek ýoly” ýaryşlaryna gatnaşanlaryndan soňra türkmen türgenleri Peterburg-Soçi (2010-njy ýyl), Moskwa-Soçi (2011-nji ýyl) we Moskwa-Gelenjik (2012-nji ýyl) ugurlary boýunça geçirilen awtomobil ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etdiler.

Biziň ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde Aziýa Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagy bolan Hormat ordenine mynasyp bolan, sportuň bu görnüşini işjeň wagyz edýän, sagdyn durmuş ýörelgesiniň artykmaçlyklaryny açyp görkezýän döwlet Baştutanynyň şahsy göreldesiniň örän uly ähmiýeti bardyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylda Tatarystana bolan iş saparynyň barşynda “KamAZ” awtoulagynda päsgelçilikli ýollar boýunça bu kuwwatly ulaga erk etmekde hakyky ussatlyk görkezdi. Soňra öz ýurdumyzda Russiýanyň awtoulag kompaniýasy tarapyndan döwlet Baştutanymyza sowgat berlen awtoulagda millietiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe kilometr ýoly geçip, Türkmenistanyň tebigy şertlerinde bu ulagyň mümkinçiliklerini synap gördi. Şu ýyl bolsa milletiň Lideri tarapyndan yglan edilen sagdynlygyň we bagtyýarlygyň hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda ilkinji gezek sport awtoulaglarynda geçirilen ýaryşlarda ýokary tizlikli ýollaryň öwrümlerine girmek we çykmak boýunça awtoulaga erk etmekde ýokary ussatlyk görkezdi.

Döwlet Baştutanynyň awtomobil ýaryşlary geçirilýän meýdanyň çäklerine awtomobil sungatynyň hakyky naýbaşysy we dünýäde iň tiz hasap edilýän “Bugatti Veyron” sportkarynda gelmeginiň özi hem bellenilmäge mynasyp wakadyr. Soňra bolsa milletiň Lideri “Volkicar” ýaryş awtoulagynda ussat awtotürgenleriň arasynda geçirilen bäsleşiklerde ajaýyp ýeňiş gazandy. Şunda milletiň Lideriniň aýlawda 46,50 sekunt wagt görkezip, awtomobil ýaryşlarynyň iň bir özüne çekiji hem-de täsirli, şonuň bilen bir wagtda hem çylşyrymly görnüşinde 10 utuk toplamagy buýsanylmagyna mynasyp netijedir.

Türkmen awtoulag sürüji türgenleriniň öňde boljak “Volkicar” awtoulaglarynda geçiriljek halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy, döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen sportuň bu görnüşini ösdürmäge kuwwatly itergi berjek, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýakyn wagtda awtomobil sporty boýunça türgenleri taýýarlamak üçin zerur bolan ähli şertler göz öňünde tutulan häzirki zaman awtodromlarynyň gurulmagy ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmäge uly ýardam berer.

Öňki wagtlarda biziň ýurdumyzda awtomobil sporty we sportuň beýleki görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi barada arzuw hem edip bilmändigimizi bellemelidiris. Emma häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde deňi-taýy bolmadyk häzirki zaman sport desgalaryny gurmak boýunça alyp barýan ýadawsyz işleriniň netijesinde munuň hakykata öwrülendigine guwanmaga haklydyrys.

“Halkyň saglygy—ýurduň baýlygy” diýen çuňňur mazmunly pähimiň müňýyllyklaryň geçmegi bilen hem öz manysyny ýitirmändigini häzirki wagtda bu şygaryň biziň ýurdumyzda sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça, halkara derejeli türgenleri we hünärmenleri, sport ussatlaryny, ygtybarly binýada daýanýan häzirki zaman sport toplumlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy şygaryna öwrülendigi hem görkezýär. Milli maksatnamalara laýyklykda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iri sport toplumlary, stadionlar — halkara ülňülerine laýyk gelýän sport mekdepleri guruldy we bu ugurda üstünlikli işleriň geçirilmegi dowam edýär.

Häzirki zaman sport desgalarynyň gurulmagy, “Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly spartakiadanyň, şeýle hem ýurdumyzda ilkinji gezek ýaşlaryň arasynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň geçirilmegi biziň ýurdumyzyň dürli derejedäki, şol sanda halkara derejesindäki iri ýaryşlary hem geçirmäge taýýardygyny görkezýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň täze sport senenamasynda geljek ýyl “Volkicar” ýaryş awtoulaglarynda halkara bäsleşikleriniň we eýýäm halkara derejesine eýe bolan hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky bäsleşikleriň aýratyn orun eýeleýändigi tötänleýin däldir. Ýurdumyzda lyžada typmak boýunça ýörite desgalaryň gurulmagy we sportuň bu gyşky görnüşi boýunça ilkinji ýaryşlaryň geçiriljek wagty hem indi uzakda däldir.

Aziýa Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek barada Karary kabul etmegi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatynyň, ýurdumyzda iri ýaryşlaryň guralýandygynyň we türkmen türgenleriniň Olimpiýa hereketine işjeň gatnaşýandyklarynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Öz hatarlarynda yklymyň 45 döwletini birleşdirýän Aziýadaky iň iri sport guramasynyň, Milli Olimpiýa komitetine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk edýän we onuň ähli işiniň milletiň ruhy taýdan galkynmagyna, saglygyny goramaga gönükdirilen biziň ýurdumyza şeýle uly ynam bildirmeginiň çuňňur manysy bardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport ulgamynda gazanan şahsy üstünlikleri dünýä ýüzünde giňden bellidir. Döwlet Baştutanymyz karateniň we dzýudonyň kämillik derejesiniň Hormat Diplomynyň we onunjy danynyň, şeýle hem taekwondo boýunça ýedinji derejäniň gara guşagynyň eýesidir. Milli Liderimiziň halkara sport hereketiniň öňünde bitiren hyzmatlary nazarda tutulyp, döwlet Baştutanymyza Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Hormat ordeni gowşuryldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz 2010-njy ýylda Bütinýaponiýa karate-do federasiýasynyň hormatly agzalygyna kabul edildi.

Türkmen paýtagtynda gurluşygy alnyp barylýan Olimpiýa şäherjigi Aziada-2017-iň geçiriljek merkezine öwrüler. Mälim bolşy ýaly, özüniň möçberi we taslamasynyň ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk bu toplum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurulýar. Döwlet Baştutanymyz iki ýyl mundan ozal Olimpiýa şäherjiginiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Toplumyň düzümine dürli ähmiýetli desgalaryň 30-dan gowragy girer. Iki aý mundan ozal bolsa milli Liderimiz bu ýere gelip, gurluşygyň barşy bilen içgin tanyşdy.

Paýtagtymyzyň häkimliginde habar berlişi ýaly, Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy üç tapgyrda amala aşyrylar. 2014-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga tabşyryljak birinji nobatdakysynyň düzümine bouling, badminton we stoluň üstünde oýnalýan tennis bilen hem meşgullanmaga mümkinçilik döredilen 6 müň tomaşaçy orunlyk ýapyk welotrek, göreşiň ähli görnüşleri, agyr atletika, fehtowaniýe we boks bilen meşgullanmak üçin niýetlenen 5 müň orunlyk ýapyk desga, lukmançylyk dikeldiş merkezi, sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik zallary, metbugat merkezli 800 orunlyk myhmanhana, sportuň dürli görnüşleri we gimnastika bilen meşgullanmaga niýetlenen, işewürlik merkezli 15 müň tomaşaçy orunlyk ýapyk desga, 1 müň orunlyk restoran, 1 müň orunlyk münbepleri bolan köp maksatly sport meýdançasy, köp gatly awtodularga we birnäçe tehniki maksatly binalar girer.

Öz düzümine 10 desgany birleşdirjek ikinji nobatdakynyň gurluşygyna birnäçe aý mundan ozal başlanyldy we häzir işler meýilnamadan öňe geçilip dowam etdirilýär. Bu ýerde ýapyk we açyk tennis kortlarynyň, VIP münberiniň we 450 orunlyk myhmanhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda ikinji nobatdaky desgalar 2015-nji ýylyň dekabrynda ulanmaga tabşyrylmalydyr

Türkmenistan 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe bolmak bilen, häzirki wagtda wolesiped sporty boýunça dünýä birinjiligini geçirmek baradaky başlangyç bilen hem çykyş edýär. Bu ýurdumyzyň ýokary halkara abraýynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň halkara hyzmatdaşlygyna we açyklyga esaslanýan, olimpiýa hereketiniň ýokary ynsanperwerlik taglymlaryna ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasydyr.

Degişli makalalar

Sport Tansy Boýunça Milli Ýygyndy Toparyň Liderleri Aziada Rumba Tansyny Ýerine Ýetirerler

Kikboksing Boýunça Aziýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Aziýa Çempionatynda Türkmen Türgenleriniň Üstünlikli Çykyş Edendikleri Bilen Gutlady

Awazada futbol boýunça açyk birinjiligi tamamlandy.

syrach