10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
SPORT

Arap Ligasynyň liderler maslahaty öz işine başlady.

Arap Ligasynyň liderler maslahaty öz işine başlady. Arap Ligasynyň 25-nji maslahaty 14 lideriň gatnaşmagynda Kuweýtde geçirilýär. Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Alžir, Yrak, Bahreýin, Marokko we Umman maslahata lider derejesinde gatnaşmaýar. Asuda ilata garşy guraýan hüjümleri sebäpli 2011-nji ýylda agzalygy saklanan Siriýanyň kürsüsi bolsa boş galdy.

Maslahata gatnaşan Siriýanyň Milli Koalisiýasynyň başlygy Ahmed Al Jarba bolsa BMG-nyň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Al Brahiminiň ýanynda oturdy. Arap Ligasynyň maslahatynda Siriýa krizisiniň başda durmagynda siriýaly bosgunlaryň ýagdaýy, Palestina we Ýakyn Gündogar parahatçylyk gepleşikleri bilen birlikde syýasy, howpsuzlyk, ykdysadyýet we sosial meseleleriň seljeriljekdigi nygtaldy.

Degişli makalalar

Boks Boýunça Açyk Birinjilik

Sambo Boýunça Türkmen Topary 8 Altyn Medal Bilen Öňde

Ýokary Küşt Toparynyň Agzalarynyň Sany Artdy

syrach