04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ekerançylyk meýdanlarynda ýazky meýdan işlerine taýýarlyk hem-de maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişine taýýarlyk, sebitiň maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde öňde boljak baýramçylyklara gabatlanan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere toplumlaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, welaýatda gowaça ekişini bellenen möhletlerde, ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek hem-de bu işleriň agrotehniki kadalara laýyk gelmegini üpjün etmek gerek. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini aýtdy. Öňde boljak baýramçylyklar baradaky meseläni gozgamak bilen, milli Liderimiz meýilleşdirilen dabaralara degişli derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. 

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly alyp barmak bilen bagly durmuşa geçirilýän çäreler, maldarçylyk hojalyklarynda işleriň ýagdaýy, sebitiň senagat düzümini ösdürmek babatda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol şanly senelerimiz mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk işleriniň meýilnamasy barada hasabat bermek bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna welaýatyň Magtymguly etrabynda gurulmaşy meýilleşdirilýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumynyň hem-de Şygryýet muzeýiniň taslamalaryny we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylaryny görkezdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitiň senagat düzümini we medeni-durmuş ulgamyny ösdürmek meselelerini, welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyny we olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň maldarlarynyň durmuşynda jogapkärli döwür bolan owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli çäreleri görmegi talap etdi. 

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, olara degişli bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi. Gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň, esasan-da, beýik şahyryň hormatyna bina edilýän düzümleriň iri möçberli medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilýän we halkyň gelim-gidimli ýerine öwrülmelidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, taslamalarda milli we döwrebap binagärlik öwüşgünleri gadymy nagyşlar bilen sazlaşykly utgaşmalydyr we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelmelidir diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime birnäçe görkezme berip, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmalydygyny, şeýle hem seýilgäh zolaklarynyň döredilmelidigini tabşyrdy. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatda gowaça ekişine taýýarlyk işleriniň barşy, bu möhüm möwsüme guramaçylykly girişmek maksady bilen işlenip taýýarlanylan meýilnama barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzda giňden dabaralandyrylýan ählihalk baýramlary mynasybetli işlenip taýýarlanylan medeni maksatnamalar hakynda aýtdy. 

Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň has netijeli we sazlaşykly hereketini üpjün etmek babatda bellenilen çäreleriň göwnejaý alnyp barylmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň oba hojalyk toplumynda şu gyzgalaňly günlerde amala aşyrylýan işleriň üstünde durup geçmek bilen, gowaça ekişiniň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmegi, sebitiň maldarçylyk pudaklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz aprel aýynda geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde guralmagy boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. 

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda çykyş eden Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, jogapkärli möwsüm bolan gowaça ekişine taýýarlyk, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak hem-de milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek babatda dowardarlar üçin döredilen şertler barada habar berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli hem-de yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda möhüm döwür bolan ýaz ekişine guramaçylykly girişmek, gowaçalara ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň talabalaýyk guralmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz aprel aýynda ýurdumyzda dabaralandyrylýan baýramçylyk çärelerine, şanly senelere ykjam taýýarlyk görmek, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gowaça ekişine guramaçylykly girişmek boýunça meýilnama barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini alyp barmak boýunça görlen çäreler, “Suw damjasy—altyn dänesi” baýramçylygy, Bütindünýä saglyk güni we Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde ýokary guramaçylyk derejesindäki maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belläp, önümçilik we durmuş ulgamlarynyň ähli düzümleriniň işiniň talabalaýyk guralmalygygyny tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz gowaça ekişini bellenen möhletlerde, guramaçylykly geçirmek, ýurdumyzda şanly seneler mynasybetli geçiriljek çärelere ykjam taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly birnäçe görkezmeleri berdi. Dowardarlaryň durmuşynda jogapkärli döwür bolan owlak-guzy möwsümini guramaçylykly tamamlamagyň häzirki döwrüň wajyp talabydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowyň hasabaty diňlenildi. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabadyň ulag ýollarynyň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak, şeýle hem şäheriň çäklerinde gök zolaklary döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol aprel aýynda şanly seneler mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, bag ekmek maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde şanly seneler mynasybetli guralýan çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini üpjün edýän ähli zerur işleriň ýerine ýetirilmelidigini belledi. Milli Liderimiz paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan we täze gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyny, olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. 

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowyň gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hakyndaky hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem-de Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagynda hödürledi. Habar berlişi ýaly, milli Liderimiziň kararyna laýyklykda, bu taslamany durmuşa geçirmek ýapon we koreý kompaniýalarynyň konsorsiumynyň gatnaşmagynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Wise-premýer täze senagat toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak bilen bagly alnyp barylýan işler hakynda hem habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, bu iri desganyň ägirt uly ähmiýetini belledi, onuň gurluşygy tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bardygy hem-de ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň uly möçberli meýilnamalary bilen şertlenendir. Senagat toplumyny ulanmaga bermek polietileni we polipropileni giňden öndürmegi ýola goýmaga ýardam eder diýip, milli Liderimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz gazhimiýa toplumynyň taslamasyny, tutuşlygyna alnanda makullap, wise-premýere milli ykdysadyýetiň strategiki pudaklarynyň biri bolup durýan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde duran ähli wezipeleri öz wagtynda çözmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynň orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy. Ol obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde apreliň ilkinji ýekşenbesinde Türkmenistanda giňden bellenilýän “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygyna taýýarlyk görlüşiniň barşy barada habar aýdyldy. 

Oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek we umuman, tutuş obasenagat toplumyny has-da ösdürmek üçin suw üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmeginiň ähmiýetini nygtap, milli Liderimiz ýurdumyzyň degişli gulluklarynyň işine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Bu ugurda zerur bolan hemme işleri geçirmäge jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Oba hojalyk möwsümini üstünlikli geçirmek maksady bilen amala aşyrylýan anyk işler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz geljekki bereketli hasylyň girewi bolan agrotehniki çäreleri guramaçylykly amala aşyrmak boýunça tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu işlere toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygyna bagyşlanan çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz wise-premýere milli baýram – Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli öňde boljak dabaralara degişli birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentine Halkara howa menzili toplumynyň 2-nji ýolagçy terminalynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu terminal esasy ýolagçy howa menziliniň bina edilýän döwründe ýolagçylara hyzmat eder. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, şol sanda ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady ösüşiniň giň gerimli maksatnamalarynyň esasyny düzýär diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere “Türkmenistanyň raýat awiasiasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 2-nji ýolagçy terminalynyň ähmiýeti barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy, şeýle hem ýurdumyzyň howa ulgamynyň işgärleriniň ilata edýän hyzmatlarynyň medeniýetini we hilini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. 

Ulag ulgamyna degişli beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleleri üstünlikli çözmegiň möhümdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz B.Saryýewi demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary wezipesine bellemek hakynda karara gol çekdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewi bir wagtda çagyrdy. 

Wise-premýer S.Toýlyýew döwlet durmuş syýasatyny we pudaklaýyn maksatnamalary mundan beýläk-de amala aşyrmakda saglygy goraýyş, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň edaralarynyň alyp barýan işleri hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde milli Liderimiziň ozal beren taşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň esasynda ösüşiň innowasion ýoluny saýlap alyp, ruhy taýdan baý, hemmetaraplaýyn ösen nesli terbiýelemäge örän jogapkärli çemeşýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ösüp gelýän nesli terbiýelemegiň we bilim bermegiň täze netijeli usullaryny ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy. Ýaşlaryň arasynda döredijilik başlangyjyny ösdürip, sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesini berkarar etmek bilen medeniýet we sport edaralarynyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak gerek diýip, milli Liderimiz wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti A.Tertipowany Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw bölümi boýunça prorektory wezipesine belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew öz gezeginde gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmagyň taslamalaryny hödürledi. 

Garamagyndaky ulgamlarynyň geçirýän işlerine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmek üçin netijeli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň zerurlygyny aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalara birnäçe belliklerini we tekliplerini aýdyp, ýerleri abadanlaşdyrmak, yşyklandyrmak, zerur bolan kommunikasiýa ulgamlaryny çekmek meselelerine oýlanyşykly çemeleşmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz gurulýan desgalary ulanmaga bermegiň möhletlerini berjaý etmek we ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hilini üpjün etmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny jemlemek bilen, oňa gatnaşanlara halkymyzyň we Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Awgustyň Ikinji Ýarymy-Täze Okuw Ýylyna Işjeň Taýýarlyk DöwridirAwgustyň Ikinji Ýarymy-Täze Okuw Ýylyna Işjeň Taýýarlyk Döwridir

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach