26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

FIFA-nyň Referisi Çary Gurbanow: «Wideo Kömek Ulgamy Adalatly Netije Çykarmaga Mümkinçilik Berer»

Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň ýolbaşçylary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda eminlere wideo kömek (VAR) ulgamyny peýdalanyp başlajakdyklaryny habar berdiler. Bu habaryň türkmenistanly futbol eminlerinde nähili täsir galdyrandygy bilen gyzyklanyp, FIFA-nyň referisi Çary Gurbanowa ýüz tutduk. Ol Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynyň habarçysyna şeýle gürrüň berdi:

— Işe girizilýän her bir täzelik millionlaryň söýgüli oýny hasaplanylýan futboly kämilleşdirmekden, oňa bolan gyzyklanmany artdyrmakdan ugur alýar. Eminlere wideo kömek (VAR) ulgamy barada aýdylanda, ol eýýäm bütin dünýäde synagdan geçip ýören täzelik.

— Eminlere wideo kömek (VAR) ulgamynyň esasy aýratynlygy nämeden ybarat diýip, hasap edýärsiňiz?

— Meniň pikirimçe, komandalaryň gazanýan netijeleriniň adalatly bolmagy üçin bu ulgamyň ulanylmagy möhümdir. Şeýlelikde, wideo kömek ulgamy eminlere adalatly netije çykarmaga mümkinçilik berer.

— Eminleriň sanyny köpeltmek arkaly adalatly netije gazanmaga hem synanyşyk edildi? Muňa nähili garaýarsyňyz?

— Ylalaşýaryn. Eminleriň sanyny köpeltmek bilen hem ýagdaýdan çykalga gözlenildi. Emma her bir pursatyň minutyň däl, sekundyň birnäçe ülşünde ýüze çykýandygy sebäpli eminiň gözi bilen hemme netijäniň talabalaýyk bolmagyny gazanmak mümkin däl. Ine, şu ýerde hem wideo kömek ulgamynyň zerurdygyny nygtamak isleýärin.

Türkmenistanly tejribeli futbol emini Çary Gurbanowyň kän ýyllar bäri halkara ýaryşlarynda eminlik edip ýörendigini ýatladýarys. Ol öz tejribesine salgylanyp, futbolyň özüneçekijiligini artdyrjak bu täzeligiň wagtyň geçmegi bilen edilýän tamany ödejekdigine ynanýandygyny gürrüň berdi.

Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,

žurnalist

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Halkara Nebit we Gaz Uniwersiteti Maý Aýynda «Açyk Gapylar» Gününi Geçirer

Atçylyk Pudagynyň Desgalarynyň Täze Toplumynyň Açylyş Dabarasy

syrach

Elektron Tehnologiýalaryny Ösdürmek Üçin Düzümleri we Şertleri Döretmek

turkmenhabargullugy