29.01.2026
SPORT

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministirliginde Duşuşyk

2015-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Sport guramalarynyň halkara konfederasiýasynyň Prezidenti jenap Boris Rogatin bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda GDA agza-döwletleriniň halkara sport oýunlaryny geçirmekligiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň zerurlygyny bellemek bilen taraplar özara hereketleriň geljekki ara alnyp maslahatlaşylmalaryna taýýarlyklaryny mälim etdiler.  

Mundan başga-da, halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagyň meseleleri boýunça pikirler alyşyldy we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Degişli makalalar

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlary Fotusuratlary 1

turkmenhabargullugy

Sambo Boýunça Aziýa Çempionatynda Türkmen Türgenleri Iki Altyn Medal Gazandylar

syrach

Iň Dürs Penalti Urýanlar: Hazard 1-nji, Ronaldo 3-nji, Messi 9-njy

turkmenhabargullugy