18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Hytaýyň Toçmaş Korprasiýasynyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2015-nji ýylyň 2-4-nji apreli aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny» atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana iş sapary bilen gelen Umumyhytaý Import-Eksport Takyk maşyngurluşyk («Toçmaş») korporasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda geljekde ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly mümkinçilikler açylýan medeni-gumanitar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň, şeýle hem iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Şeýle hem, hytaý korporasiýasynyň wekilleri «Аziada – 2017» geçirmegiň dowamynda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça taslamalaryň tanyşdyrlyşyny geçirdiler. 

Duşuşygyň ahyrynda hytaý tarapy iki ýurduň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny belläp, geljekde hem işjeň hyzmatdaşlygyň tarapdarydygyny beýan etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Ýolbaşçylaryna we Katar Döwletiniň Emrine Gynanç Bildirdi

syrach

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Edermen Oba Zähmetkeşlerine, Hasyl Ussatlaryna we Ähli Halkyna

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

syrach