18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýeňşiň Ýubileýiniň Hormatyna Elbrusa Çykyldy

Türkmen alpinistleri Beýik ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli Russiýanyň we Ýewropanyň iň ýokary belentligi bolan Elbrus dagyna (5642 m) çykmaga gatnaşdylar. Bu şanly sene mynasybetli Elbrusyň belentliginde Türkmenistanyň baýdagy dikildi. 

Her ýylyň maý aýynyň başynda Elbrusyň ýapgytlarynda geçirilýän Red Fox Elbrus Race Festiwalynyň çäklerinde halkara ýaryşlarynyň birnäçesi geçirilýär. 2015-nji festiwal Ýeňşiň ýubileýine bagyşlandy.

Kabardino-Balkariýa, Elbrus Russiýa Federasiýasynyň hut şu sebitinde ýerleşýär, biziň türgenlerimiziň ikisi ugrady. Olar «Agama» alpinistler klubynyň agzasy, şular ýaly belentliklere birnäçe sapar gatnaşan – tejribeli alpinist Alekper Ahmedowdyr. Olaryň soňkusy Alekperiň geçen ýylda çykan iki Amerikanynyň hem belent nokady bolan Akonkagua (6962m) belentligidir. Begenç Mämmedow – Balkanabadyň “Mert” alpinistler klubynyň başlygy, Ararada (5165 m) işjeň çykmagy başaran, ýöne Elbrusa çykmaklyk bolsa onuň ilkinji synagydyr. 



Biziň alpinistlerimiz skaýranning boýunça iki çykyşa gatnaşdylar. Alpinizmiň bu görnüşi kesip geçýän ýerler boýunça tizlikli çykmagy göz öňünde tutýar. Daga akklimatizasiýa çykmagyň birnäçesini öz içine alýan taýýarlyk görüldi. 

Ýaryşyň birinji tapgyry “Dikligine kilometr” boldy. Oňa köp sanly ýurtlaryň türgenleriniň 300-den gowragy gatnaşdy, ugur deňiz derejesinden beýiklikde 2450 metr belgiden 3450 metre çenli aralyga boldy. Alekper bu aralygy bir sagatda geçmegi başardy we öl özüniň geçen ýylky görkezijisini gowulandyrdy. Begenç ondan 9 minut soň geldi. Bu netijeler biziň türgenlerimize festiwalyň baş wakasyna- Elbrusyň belentligine çalt çykmakda derejelerini üstünlikli kesgitlemäge şert döretdi. 

Altynjy maýda ir bilen 3780 metr belentlikden badalga almak bilen, biziň watandaşlarymyz arzuw edilýän belentlige çykmaga ugur ladylar. Alpinistlere howanyň pes derejeligi, güýçli şemal, şeýle hem, şular ýaly belentliklerdäki adaty meseleler, ýagny pes basyş we kislorodyň ýetmezçiligi ýaly kynçylyklar bilen gabat gelişmeli boldy. Türkmen türgenleri hem bu kynçylyklara döz gelmeli boldular. 

Beýikli-pesli ýeňil ýoly geçmek bilen Alekpere türgenleriň segsen üçüsiniň arasyndan ýokary altynjy orny almak başartdy. Sebäbi şular ýaly aralyklarda pellehana barmagyň özi hem üstünlik, onuň görkezen wagty 3 sagat 31 minut boldy. 

Türkmen milli baýdagy ýene-de bir belentlikde parlady, Türkmenistanyň alpinistleriniň gazananlarynyň sanawy ýene-de bir san köpeldi. Şeýle üstünligiň Beýik Ýeňşiň ýubileý ýylynyň bellenilýän senesiniň öňüsyrasynda gazanylmagy has hem guwandyryjy ýagdaýdyr.

Degişli makalalar

Barak Obama Dewid Kameron bilen duşuşdy.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Suw Formynda Eden Çykyşy

syrach