14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Koreýada Türkmenistanyň Bitaraplygy Hakynda Leksiýa Geçirildi

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Hanguk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň GDA ýurtlaryny öwrenmek kafedrasynyň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň we aspirantlarynyň gatnaşmagynda “Bitarap Türkmenistan we Koreýa Respublikasy: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga tarap” ady bilen açyk-sapak leksiýasyny gurady.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ygtyýarlandyrylan bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerine esaslanan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi. Bu ýere ýygnanlar şeýle-de Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki halkara hem-de sebitleýin wekilçilikli forumlaryň münberinden öňe sürülýän işjeň başlangyçlary, şeýle-de biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri göwrümli transmilli we sebit taslamalary bilen hem tanyşdyryldy.  

Şeýle-de gatnaşyjylara türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti, milli däp-dessurlary we gymmatlyklary barada hem maglumatlar berildi. Şunuň bilen bir hatarda ýygnanlar Türkmenistanda durmuşa geçirilýän we esasy maksady – biziň ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň bagtyýarlygy bolan döwlet we milli maksatnamalar bilen hem tanyşdyryldy. Esasy böleginden soňra duşuşyk “sowal-jogap” görnüşinde dowam etdirildi.    

Degişli makalalar

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň sergisi açyldy.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Telefon Arkaly Söhbetdeşligi

“Eni Turkmenistan Limited” Kompaniýasy Tenderi Yglan Edýar: 20.01.2020 – 21.02.2020