13.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

Astrahanda Sport Marafonyny Geçirdi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygy (Astrahan ş.) Russiýanyň günorta sebitlerinde okaýan türkmen talyplarynyň «Galkynyş» Geňeşi bilen bilelikde, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenstanda we ýurt daşynda geçirilýän dabaralaryň we çäreleriň, şeýle hem Türkmenistanda aprel aýynda her ýyl geçirilýän «Saglyk we bagtyýarlyk» bir aýlygynyň çäginde, 2015-nji ýylyň 5-nji aprelinde Astrahan şäherinde talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda sport marafonyny geçirdi.

Marafon Wolga derýasynyň kenar ýakasynda «Pýotr Birinji adyndaky seýilgähden – Astrahanyň döwlet uniwersiteti» ugry boýunça geçdi. Sport çaresine türkmen talyplary bilen bir hatarda Astrahanda okaýan beýleki ýurtlaryň talyplary hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň talyplary sagdyn durmyş ýörelgelerini işjeň wagyz edýärler. We şol sebäpli gowy fiziki taýýarlygy görkezip, dört kilometrlik aralygy aňsatlyk bilen geçdiler. 

Marafon gutaransoň talyplar gyzgyn çaýyň başynda geljekki çareleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Degişli makalalar

Türkmenistanlylaryň Müňlerçesi Aşgabat 2017-niň Açylyş we Ýapylyş Dabaralaryna Gatnaşmak Üçin Synanyşyklara Gatnaşýarlar

turkmenhabargullugy

Balkanabat Şäherinde Woleýbol Boýunça Ýaryş Geçirildi

“7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası” Futbol bäsleşigi

turkmenhabargullugy