22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy.

Aşgabatda „Beýik ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: taryhdan geljege tarap“ atly hakara ylmy maslahat geçiriler. Mart aýynyň 14-16-na geçiriljek bu maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Türk Hyzmatdaşlyk we ösüş edarasy (TIKA) bilen bilelikde guraýar. 

Türkmenistanyň Prezidenti bu babatda Hökümetiň geçen hepdäniň anna güni gelçirilen mejlisinde Buýruga gol çekdi. Resminamada aýdylşy ýaly, bu maslahat ýurdumumyzda ylym-bilim babatda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, dünýä halklarynyň gadymdan gelýän umumy gymmatlyklaryna hormat goýmak ýörelgelerini, halkalary we medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň ýoly bolan Beýik Ýüpek ýoluny wagyz etmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen geçirilýär. 

20 ýyl mundan ozal – 1993-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda „Ykdysadyýet, medeniýet we bilim ulgamlary boýunça tehniki hyzmatdaşlyk hakynda“ hökümetara şertnamasyna gol çekildi. Ony amala aşyrmak maksady bilen, şol ýylyň iýul aýynda özara düşünişmek hakynda Memoranduma gol çekildi. Bu resminama laýyklykda tiz wagtdan TIKA Türkmenistanda öz edarasyny açdy. Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistan TIKA-nyň öz edarasyny açan ilkinji ýurdy boldy. Bu tötänleýin däldir. Sebäbi biziň halkalarymyzy taryhy kökleriniň birligi, ruhy ýakynlygy birleşdirýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylgynda Soltan Sanjar kümmetiniň durkunuň täzelenmegi (2002-2004 ý.ý.) Türkmenistan bilen TIKAN-yň arasyndaky köp taraplaýyn taslamasynyň has ähmiýetlisi boldy. 

Şeýle hem „Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: taryhdan geljege tarap“ ady bilen geçiriljek bu maslahat Türkmenistanyň DIM Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 5 ýyllygyna bagyşlanar.

Degişli makalalar

Merkezi Saýlaw Toparynda GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy Ýerine Ýetiriji Sekretary Bilen Duşuşyk Geçirildi

turkmenhabargullugy

Gutlag

syrach

Täze Ýüpek Ýoly Kottedj Şäherçesi

syrach