13.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Neşe Serişdeleriniň Dolanşygyna Gözegçilik Etmek Ulgamynda Sebitleýin Hyzmatdaşlyk

2015-nji ýylyň 4-5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Neşe serişdeleriniň dolanşygyna gözegçilik etmek ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gatnaşyjy taraplaryň dokuzynjy duşuşygy geçirildi. 

Duşuşyga gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Abdyllaýewiň, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Aslowyň, BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) ýerine ýetiriji direktory Ý.Fedotowyň, UNODC-yň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Aşita Mittalyň, ŞHG-niň terrorçylyga garşy göreş baradaky sebitleýin düzüminiň Ýerine ýetiriji komitetiniň baştutanynyň orunbasary N.Jigitekowyň, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýanyň, şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan bilermenleriň we hünärmenleriň türkmen paýtagtyna gelmegi Aşgabat duşuşygynyň ýokary derejesini görkezýär. Forumyň işine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Forumda 2015-2019-njy ýyllarda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Sebitleýin maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle hem duşuşygyň netijeleri boýunça Ministrler Jarnamasy kabul edildi.  

Şeýle-de forumyň işiniň çäklerinde Türkmenistanda akkreditirlenen žurnalistleriň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty hem geçirildi. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

8-nji Mart Halkara Aýal-Gyzlar Güni

Maý Aýynda Suwuklandyrylan Gazdan Ýangyç Öndürýän Zawodyň Düýbi Tutular

syrach