30.9 C
Aşkabat
01.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Jemil Çiçegi Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygy Jemil Çiçegi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we Premýer-ministri Ahmet Dawutoglunyň milli Liderimize iberen mähirli salamlaryny hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türk parlamentiniň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady ösüşinde uly üstünlikleri  hem-de dünýä bileleşiginiň giňden ykrar etmegini gazanan Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýändiklerini  aýratyn nygtady.  

Milli Liderimiz mähirli sözleri üçin Beýik Milli Mejlisiň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, “Türkmenistanda hoş gördük!” diýip, ýüzlenmek bilen, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkiýe Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň we ösdürilmeginiň türkmen döwleti üçin strategiki häsiýetli uzakmöhletleýin wezipe bolup durýandygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz ýakynda dostlukly ýurtda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleriniň netijeliligini  belledi. Onuň barşynda iki ýurduň syýasy, ykdysady we medeni ugurlardaky özara gatnaşyklarynyň mundan beýläkki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.     

Iki döwletiň dünýä syýasatynyň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz şunda dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegini gazanmagyň esasy ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny nygtady.   

Milli Liderimiz yzygiderli ösdürilýän döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň netijeliligini belläp, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalaryna minnetdarlyk bildirdi hem-de bu işleriň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigini aýtdy.     

Biziň halklarymyzyň taryhy we ruhy kökleriniň birligi dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň girewi bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de türk tarapyna Türkiýe Respublikasynda ýakynda geçirilen Çanakgaladaky söweşiň 100 ýyllygyna bagyşlanan ähmiýetli çärelere gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz şol söweşde wepat bolan şehitleriň ýatan ýerleriniň ýagty bolmagyny, ruhlaryna bagyşlanyp okalan aýat-dogalaryň kabul bolmagyny bütin türkmen halkynyň adyndan dileg etdi. 

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, geçen hepdede Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda energetika meselelerine bagyşlanyp geçirilen dört taraplaýyn duşuşyga ünsi çekmek bilen, Türkmenistanyň türkmen tebigy gazyny dost-doganlyk Türkiýe Respublikasyna ýetirmäge gyzyklanma bildirýändigini  belledi. 

Şu ýyl Türkmenistanyň şöhratly baýramçylygy—halkara jemgyýetçiligi tarapyndan biziň ýurdumyzyň ykrar edilen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny belläp geçýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň başlygyny 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek halkara çäresine gatnaşmaga çagyrdy. 

Soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň halkara-hukuk binýadynyň esasynda üstünlikli amala aşyrylýan bilelikdäki uly işler geçirildi diýip, milli Liderimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny ýokary derejede saklamakdaky şahsy goşandy üçin Jemil Çiçege minnetdarlyk bildirdi hem-de biziň ýurdumyza saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen ähli duşuşyklaryň we çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.  

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alşyldy. Iki halkyň däp-dessurlarynyň meňzeşligine esaslanan türkmen-türk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda,    Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň martynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň jemleri boýunça ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň döwletara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berendigi nygtaldy. 

Myhman hormatly Prezidentimiziň Çanakgala söweşiniň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşanda duşuşanlaryna heniz köp wagt geçmändigini belledi hem-de şol möhüm waka gatnaşyp bildiren hormaty üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirmek mümkinçiliginiň döredilendigine şatdygyny aýtdy.  

Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar diňe bir ýokary derejesi bilen däl-de, eýsem-de, biziň halklarymyzyň päk ýürekli gatnaşyklary bilen häsiýetlendirilýär diýip, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygy aýtdy we şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutanyna aýratyn hoşallyk sözlerini beýan etdi. 

Ýurdumyzda türkmen Bitaraplygynyň giňden bellenip geçilýän 20 ýyllygy babatda şu ýylyň ähmiýetini nygtap, Jemil Çiçek öz ýurdunda Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berlen hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda alyp barýan syýasatyna ýokary baha berilýändigini belledi. Biz bu oňyn ugruň ösmeginiň, kämilleşmeginiň, çuňlaşmagynyň we pugtalanmagynyň tarapdary bolmak bilen, Bitaraplyk syýasatynyň oňyn diplomatik strategiýa bolup, dünýä bileleşiginiň aýratyn hormatyna mynasypdygyna ynanýarys diýip, myhman nygtady.   

Iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar meseleleri boýunça özara üstünlikli gatnaşyk edýändiklerine ünsi çekip, Jemil Çiçek  bu üstünlikleriň döwlet we hökümet baştutanlaryň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň netijesi bolup durýandygyny nygtady.  Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygynyň belleýşi ýaly, onuň Türkmenistana häzirki saparynyň esasy maksatlarynyň biri iki döwletiň Liderleriniň alyp barýan syýasatyny parlament derejesinde dowam etmekden, bu möhüm işi goldamakdan ybarat bolup durýar 

Jemil Çiçek türk parlamentarileriniň türkmen kärdeşleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge uly isleg bildirýändigini aýdyp, bu ugurda özara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şunda Türkiýe Respublikasynyň Parlamentiniň deputatlarynyň “Türkiýe-Türkmenistan” dostluk toparynyň işine aýratyn orun berilýär. 

Duşuşygyň ahyrynda myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edendigi üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan köp ugurly işlerinde täze üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

***  

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygy jenap Jemil Çiçek Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. 

Türkiýäniň Beýik Milli Mejlisiniň wekiliýeti biziň ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanşar we Mary welaýatyndaky “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp görer. 

Degişli makalalar

Aşgabatda Hyzmatdaşlyk Boýunça Bilelikdäki Türkmen-Özbek Toparynyň Mejlisi Geçirildi

Aşgabatda GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

syrach

Ýurdumyzyň Iň Gowy Etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Baýragy Gowşuryldy

turkmenhabargullugy