18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

“Bosgunlar Hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň Kabul Edilmegi-Türkmenistanyň Alyp Barýan Ynsanperwer Syýasatynyň Aýdyň Subutnamasydyr!

“Bosgunlar Hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň Kabul Edilmegi-Türkmenistanyň Alyp Barýan Ynsanperwer Syýasatynyň Aýdyň Subutnamasydyr!

2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslatynyň dowamynda “Bosgunlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşindäki taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli kanunçylyk ulgamymyzy kämilleşdirmekde we ony halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmekde ýurdumyzda möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda Türkmenistan birnäçe halkara konwensiýalaryna we şertnamalaryna goşulyşdy, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň “Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda” 1951-nji ýyldaky, “Apatridleriň derejesi hakynda” 1954-nji ýyldaky we “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” 1961-nji ýyldaky Konwensiýalaryny kabul etdi hem-de olary tassyklady.
Garaşsyz, Baky Bitarap Watanymyzyň hemişelik esasda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy bolmak bilen, halkara Konwensiýalaryň talaplaryna laýyklykda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatyna abraýly halkara guramalary hem-de dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýär we giňden goldanylýar.
“Bosgunlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy “Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakyndaky” Konwensiýanyň kadalaryna, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna esaslanylyp taýýarlanyldy.
Şu Kanunda Türkmenistanda bosgun statusyny bermeginiň tertibi we esaslary, şeýle hem Türkmenistanda bosgun statusy berlen adamlaryň hukuklaryny goramagyň hukuk, ykdysady we durmuş kepillikleri kesgitlenildi we kämilleşdirildi.
Şeýle-de bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlary raýatlyga kabul etmek meselesinde ýurdumyzyň alyp barýan netijeli işleri we gazanan tejribesi halkara bileleşiginde hem-de beýleki daşary ýurt döwletlerinde uly gyzyklanmalary döredýär. Abraýly halkara guramalaryň we daşary ýurt döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda 2012-nji ýylda “Musulman dünýäsinde bosgunlar”, 2014-nji ýylda “Migrasiýa we raýatsyzlyk boýunça halkara maslahaty: meseleleri we indiki ädimleri anyklamak” we 2017-nji ýylda “Raýatsyzlygy azaltmak boýunça Türkmenistanyň oňyn tejribesi” atly halkara maslahatlaryň we duşuşyklaryň ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däpleriniň belent nusgasyna eýerip, häzirki wagta çenli ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlaryň 20 müňe golaýy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlaryň ählisi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň raýatlarynyň doly we mizemez hukuklaryna eýe boldular.
Türkmenistanda raýatsyzlygyň öňüni almakda we azaltmakda alnyp barylýan işler, Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasyna ýugrulan “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynyň gyşarnyksyz durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, Türkmenistan özüniň iň gymmatly hazynasy – adam diýip ykrar edýär hem-de raýatlaryň halkara resminamalary arkaly berkidilen ähli hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär we üpjün edýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

Degişli makalalar

«Türkmennebit» DK: Goşmaça Çykarylýan Nebitiň Möçberleri Artdyrylýar

Birža Täzelikleri

Aşgabatdaky Dermanhanalar

turkmenhabargullugy