24.9 C
Aşkabat
03.08.2025
SPORT

Ýaş At Çapyksuwarlaryň Bäsleşigi

Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda 2015-nji at çapyşygynyň ýazky möwsüminiň üçünji güni geçirildi. Ýaş at çapyksuwarlaryň bäsleşigi geçirildi. Çapyşyga göýberlen bedewleri ýaşy 16 ýaşa çenli bolan ýetginjekler çapdylar. Olar on at çapyşygynda iki we üç ýaşar ahalteke bedewlerde 1000 hem-de 1200 metr aralygyna bäsleşdiler. 

Bir müň metr aralyga geçirilen dördünji at çapyşygynda iň gowy wagt görkeziji hasaba alyndy. Onda Günhanym atly gara bedew A.Agamyradowyň çapmagynda bir müň metr aralygy 1 minut 08,5 sekuntda geçmegi başardy. 

1200 metr aralyga geçirilen at çapyşygynda A.Allanazarowyň çapan Polatly atly mele bedew beýleki bedewlerden saýlanmagy başardy. Bu bedew Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolup, ol 1200 metr aralygy 1 minut 21, 7 sekuntda geçmegi başardy.

Degişli makalalar

Çagalaryň Arasynda Küşt Boýunça Ýurdumyzyň Ilkinji Çempionaty

syrach

Maksat Atabaýew 2015-nji Ýylda Türkmenistanyň Iň Gowy Küştçüsi

syrach

Talyplar Futzal Meýdançasynda