19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmenistanyň Prezidenti Karate-do-nyň 10-njy Danyna Mynasyp Boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Karate-do-nyň 10-njy Danyna Mynasyp Boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Karate-do-nyň 10-njy Danyna Mynasyp Boldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport hereketini we bu ulgamda hymatdaşlygy ösdürmäge goşan ajaýyp goşandy üçin karate-do-nyň 10-njy danyna mynasyp boldy.

Halkara Meýbukan Godzu-Rýu Karate-do Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Ýagi Meýtats “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly Halkara sport kongresinde bu hormatly sylagy gowşuryp,
ýygnananlaryň adyndan hem-de hut öz adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa forumyň netijeli işlemegi babata döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sylagy Türkmenistanyň sport we bedenterbiýäni ösdürmekde hyzmatlarynyň, ýurdumyzyň halkara sport hereketinde eýeleýän işjeň ornunyň, onuň Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerine, halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak işinde sportuň ornuny ýokarlandyrmak ýörelgesine berk ygrarlylygynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti: jynsparazlyga, milleti boýunça kemsidilmeleriň dürli görnüşine, ekstremizme garşy hereket sport hereketiniň taglymynda mäkäm orun aldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada sport kongresinde çykyş edip, häzirki wagtda jynsparazlyga, milleti boýunça kemsidilmeleriň dürli görnüşine, ekstremizme garşy hereket dünýä sport şygarlarynyň birine öwrülendigini, onuň halkara sport hereketiniň taglymynda mäkäm orun alandygyny belledi.

Türkmenistanda şeýle düşünjeler çagalykdan, mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde, goşun bölümlerinde terbiýelenilýär, onuň netijesi myhmansöýerlikde we biziň watandaşlarymyzyň daşary ýurtlarynyň wekillerine olaryň milletine hem-de haýsy dine uýýandygyna garamazdan, hoşniýetli gatnaşyklarynda ýüze çykýar. Biziň ýurdumyz halkara sport hereketiniň belent ynsanperwerlik taglymlaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär.

Sport halkara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm bölegi boup, özara ynam, hormat goýmak we özara düşünişmek ýagdaýyny kemala getirmäge uly goşant goşýar diýip, türkmen Lideri nygtady.

Türgenler – parahatçylygyň ilçileridir, olar öz ussatlygy we erki bilen adalatly bäsleşikde olimpiýanyň belent taglymlaryny ösdurýärler, ýaşlar üçin görelde bolýarlar, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýola goýulmagyna, işjeň durmuş garaýyşlaryň kemala gelmegine ýardam berýärler.

Aziýanyň küşt federasiýasy Türkmenistanyň Prezidentini «Ýylyň adamy» diýip atlandyrdy.

“Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongresde hormatly Prezidentimize “Ýylyň adamy” hormatly derejesini bermek hakyndaky diplomy gowşurmak dabarasy boldy. Ony döwlet Baştutanymyza Aziýanyň küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Şeýh Sultan Halifa Sultan Şahbut Al-Nahaýan dabaraly gowşurdy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň wekillerini, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň, halkara sport federasiýalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylaryny, hormatly myhmanlary bir ýere jemlän wekilçilikli forum Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyldy.

Kongresde Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ýurdumyzyň sport ulgamy we döwletara gatnaşyklary üçin, durmuş we ykdysady pudaklaryň toplumyndan sebit dünýä möçberinde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik strategiýasynyň ýerine ýetirilişine çenli ähmiýetine garalar.

 

 

Degişli makalalar

Türkmenistan Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahatyna Taýýarlanýar

Häzirki Zaman Modasynyň Milli Öwüşginleri

syrach

Mart Aýynyň Ortalarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Sergisi Hem-de Maslahaty Guralar