24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmen Küştçüleriniň Nobatdaky Üstünligi

Türkmen Küştçüleriniň Nobatdaky Üstünligi

Küşt boýunça Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylary halkara derejedäki iri ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeklerini dowam edýärler. Bu gezek olar Lýuberes (Çehiýa) we Moskwa (Russiýa) şäherlerinde geçirilen ýaryşlarda tapawutlandylar. Olar bu ýaryşlarda dört medala – bir altyn, iki kümüş we bir bürünç medallara mynasyp boldular.

Medallaryň üçüsi (iki “kümüş” we bir “bürünç”) zenanlar ýygyndymyzyň Çehiýada geçen ýaryşda üstünlikli çykyş etmekleriniň netijesi boldy. Bu ýaryşa 17 ýurtdan – Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Wengriýadan, Şwesiýadan, Polşadan, Belgiýadan, Sloweniýadan we beýleki ýurtlardan 120-ä golaý küştçi gatnaşdy. Ýaryşlar üç görnüşde — blis, rapid we nusgawy küşt boýunça geçirildi.

Kümüş we bürünç medallar – nusgawy ýaryşda gazanyldy. Bu ýaryşda bir oýna 1,5 sagat berilýär. Her göçümden soňra wagta 30 sekunt goşulýar. Halkara grossmeýster Mähri Geldiýewa alty utuk toplap, bu ýaryşda ikinji orny eýeledi. Ýurdumyzda ýokary küşt derejesine eýe bolan ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk küştçi bolup, mundan öň hem halkara sport giňişliginde ýokary sepgitlere ençeme gezek ýetipdi. Ol 1996 we 1998-nji ýyllarda Bütindünýä küşt olimpiadalarynda altyn medallara eýe bolupdy.

Bu ýaryşlarda bürünç medala mynasyp bolan FIDE-niň ussady Bahar Hallaýewa hem alty utuk toplady, ýöne ol öz ildeşinden sport dereje bahalarynyň gatnaşygy babatda yza galdy.

Ýene bir kümüş medal blis ýaryşda gazanyldy. Bir oýna bary-ýogy bäş minut “arassa” wagt berilýän bu bäsleşikde Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, ýurdumyzyň çempiony Jemal Öwezdurdyýewa tapawutlandy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhratguly Myratgulyýewiň şägirdi mümkin bolan ýedi utukdan alty utuk toplady. Ol ýer eýeleriniň wekilinden diňe sport dereje bahalarynyň gatnaşygy boýunça yza galdy (çehiýaly küştçi zenan hem alty utuk toplady).

Şeýle hem doganlar Ogulgerek we Gözel Atabaýewalaryň, Bahar Hallaýewanyň we zenanlar ýygyndymyzyň baş tälimçisi Karen Grigorýanyň çykyşlaryny hem belläp geçmek gerek. Olar blis ýaryşda iň güýçli küştçüleriň onlugynyň hataryna girdiler.

… Moskwada geçen ýaryşda biziň toparymyzyň düzüminde halkara ussady Amanmyrat Kakageldiýew iň oňat netijäni görkezdi. Ol sportuň bu görnüşi boýunça baýry küştçüleriň arasynda geçen ýaryşda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Aşgabadyň küşt-şaşka mekdebiniň mugallymynyň Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynda umumy gazanan ýeňişleri boýunça iň ýokary netijä eýedigini bellemek gerek. Ol Türkmenistanyň çempionatlarynda altyn medallaryň 24-sine (!) mynasyp boldy.

Moskwadaky ýaryşda ýurdumyzyň ýygyndysynyň iň ýaş wekiline, 18 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 2016-njy ýylyň dünýä çempiony — 16 ýaşly Saparmyrat Atabaýewe Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) halkara ussady derejesini tassyklaýan sertifikaty gowşuryldy. Ol şeýle ýokary sport derejesine eýe bolan iň ýaş türkmenistanly boldy.

Tejeniň sport mekdebiniň tälimçisi Annaberdi Esenow hem ýaryşda oňat çykyş etdi. Ol zerur bolan üç bally toplap, halkara ussady derejesini ýerine ýetirdi. Bu derejäniň berlendigi barada sertifikat geljek aý geçirilmegi göz öňünde tutulýan FIDE-niň mejlisinde taýýar bolar.

Bu ýaryşlar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry boldy, şeýle hem biziň toparymyzyň Aziada — 2017-ä taýýarlyk derejesini görkezdi.

Sport baradaky döwlet komitetiniň Milli küşt federasiýasy bilen bilelikde Russiýanyň belli küştçüleri Sergeý Tiwýakow hem-de Alekseý Dreýew bilen şertnama baglaşandyklaryny bellemek gerek, olar Aziýa oýunlaryna çenli galan wagtyň dowamynda Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndy toparlaryna bu aň-paýhas oýnunyň tükeniksiz syrlaryny ele almaga kömek ederler.

Indi türkmen türgenleri Wengriýanyň paýtagty Budapestde 16 — 27-nji martda geçiriljek ýene bir iri halkara ýaryşyna taýýarlyk görerler.

Degişli makalalar

Gutlag

turkmenhabargullugy

«Aşgabat 2017» Oýunlarynyň Alawy Ýakyldy Wideo

Sokağa Çıkma Kısıtlamasında İl Göç İdaresi Müdürlükleri Çalışır mı?

turkmenhabargullugy