35.9 C
Aşkabat
02.08.2025
SPORT

Sport Tansy Boýunça Türkmenistanyň Çempionaty Geçirildi

Ýetginjekleriň we ulularyň arasynda sport tansy boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri mälim boldy. Ýaryşa gatnaşyjylar sportuň bu görnüşiniň iň owadan we giňden ýaýran görnüşi bolan latynamerikan usulynda (samba, rumba, ça-ça-ça, jaýw we pasadobl) güýç synanyşdylar. 



Garyşyk toparda, öňden garaşylyşy ýaly, Aleksandr Sisekin bilen Warwara Piwowarowa ýeňiş gazandylar. Olar bäş görnüşiň hemmesinde iň oňat netije görkezmegi başardylar. Aşgabatly tansçylar diňe bir milli derejedäki ýaryşlarda däl, eýsem, halkara sport ýaryşlarynda hem ençeme gezek ýeňiş gazandylar. 2014-nji ýylda Moskwada geçen Bütindünýä tans olimpiadasynda türkmenistanly jübütler kümüş medala mynasyp boldylar. 



Ýetginjekleriň arasynda geçen ýaryşda Ruslan Ýunusow bilen Lidiýa Gogolewa birinjiligi eýelediler. 

Sport tanslary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Ýurdumyzyň çempionaty Aziýa yklymyndan 45 ýurduň hem-de Okeaniýa döwletleriniň 17-siniň milli ýygyndy toparlaryny özünde jemlejek bu oýunlara taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy. 



Häzir türkmen tansçylary şu aýyň ahyrynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek halkara okuw-türgenleşigine taýýarlyk görýärler. Sport-taýýarlyk işleri tamamlanansoň, bu ýerde türgenlerimiz özboluşly synag boljak halkara ýaryşyna gatnaşar. 

Güýzde Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde sport tanslary boýunça halkara synag ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Degişli makalalar

Türkmen Gyzlary Jiu-Jitsu Boýunça Afinyda Geçen Dünýä Çempionatynyň Baýrak Eýeleri Boldular

Tomaşaçylaryň 45 Müňüsine Niýetlenen Stadion Olimpiýa Şäherçesiniň Esasy Binalaryyň Biridir

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreşiň Arasyndaky Gepleşikler

turkmenhabargullugy