19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SPORT SYÝASAT

Türkmenistanyň DIM-i Halkara KHBS-lerinde, Sport we Diplomatik Toparlarda Aziada-2017-niň PR Kompaniýasyny Ýaýradýar

Türkmenistanyň DIM-i Halkara KHBS-lerinde, Sport we Diplomatik Toparlarda Aziada-2017-niň PR Kompaniýasyny Ýaýradýar

Şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maglumat üpjünçüligini ilerletmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýleki döwlet düzümleri bilen bilelikde çäreleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlady, ol dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň häzirki ýeten sepgitleri, üstünlikleri we gazananlary, şeýle hem Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmek üçin “Euronews”, Hytaýyň CCTV, Rossiýa-24 ýaly dünýä belli teleýaýlymlar bilen hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulýar. Bu ýaýlymlar boýunça Aziada-2017-ä bagyşlanan wideorolikleri, mahabat şekillerini, ýörite reportažlary we telegepleşikleri görkezmek teklip edilýär.

Milli elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň milli olimpiýa komitetleriniň hem-de Halkara sport federasiýalarynyň web-serişdelerini işjeň peýdalanmak, şeýle hem Youtube, Facebook, twitter, instagram we beýleki halkara durmuş ulgamlarynyň mümkinçiliklerini ulanmak bellenildi.

Aziýa oýunlaryny giňden beýan etmekde tanyşdyryş çärelerine uly ähmiýet berler, olary fewral aýynda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçiriljek Gyşky Aziýa oýunlary, Gazagystanyň Almaty şäherinde ýanwar-fewral aýlarynda geçiriljek Bütindünýä gyşky uniwersiada, iýul aýynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçiriljek Yslam sport oýunlary we beýleki iri çäreleriň barşynda geçirmek meýilleşdirilýär.

BMG-niň Nýu-Ýorkdaky we Ženewadaky ştab-kwartiralarynda Aziada bagyşlanylan sergileriň we tanyşdyryş çäreleriň birnäçesi guralar.

Maksatnamalaýyn meýilnama laýyklykda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara maslahatlaryny, media-forumlary, metbugat maslahatlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar, şeýle hem Aziada-2017-ä bagyşlanan ýörite sahypalar dürli žurnallarda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap etmäge taýýarlanylýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Täze Sanaw: Türkiýäniň Halkara Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä Saglyk Güni Mynasybetli Guralan Çärelere Gatnaşdy

turkmenhabargullugy