10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Gonkongly telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Türkiýäniň işewürler toparynyň wekilleri “B” kysymly karbamid (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni) satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Maltadan, Singapurdan, Türkiýeden, Gyrgyzystandan, Ukrainadan, Şweýsariýadan gelen telekeçilere daşary ýurt walýutasyna pagta süýümi, pagta linti, nah ýüplügi, gaplamak üçin niýetlenen mata satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 23 million 145 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 5 million 709 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler 67 müň manatlyk awtoulag serişdelerini satyn aldylar.

Degişli makalalar

Ýol Ulgamynda Halkara Hyzmatdaşlygyň Ileri Tutulýan Ugurlary Kesgitlenildi

syrach

Birža Täzelikleri

syrach

TAPI Pipeline Company Limited Kompaniýasy Bilen ILF Beratende Ingenieure GmbH Kompaniýasynyň Arasynda Şertnama Gol Çekildi