18.04.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş edaralarynyň tiz kömek awtoulaglary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we ilatymyza ýokary derejede tiz saglygy goraýyş kömeginiň berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ätiýaçlyk gorundan 1 sany “UAZ 39629-016” kysymly tiz kömek awtoulagyny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna bellenen tertipde muzdsuz bermek bellenildi.

Degişli makalalar

Halk Hakydasy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Iş Sapary Bilen Balkan Welaýatyna Ugrady

syrach

Selbi Myradowa Rus Dili Boýunça II Bütinrussiýa Olimpiýadasynda Ýeňiş Gazandy

turkmenhabargullugy