15.01.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Gurbanmyradowiç Niýazliýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

*** 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, maýyplygy bolan raýatlaryň zähmet çekmäge hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin mümkinçilikleri we şertleri döretmek, olaryň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017-2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. 

Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 

Degişli makalalar

Aşgabatda Türkmen-Koreý Hyzmatdaşlygynyň Ileri Tutulýan Ugurlary Maslahatlaşylar

HHR-iň žurnalistleriniň wekiliýetiniň sapary.

syrach

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

syrach