15.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Halkara Durmuşynyň Esasy Wakalaryna Syn

Türkmenistanyň Halkara Durmuşynyň Esasy Wakalaryna Syn

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” hem-de giň hyzmatdaşlyk syýasaty 2016-njy ýylyň soňky aýynda geçirilen halkara derejesindäki ähli çärelerde, hususan-da, ministrlikleriň we pudak edaralyrynyň ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guran sergilerinde, okuw maslahatlarynda, syýasy geňeşmelerinde, işewür duşuşyklarynda we beýleki medeni çärelerinde öz beýanyny tapdy.

Aşgabatda dekabr aýyň başynda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna ýakyn üç ýylyň dowamynda başlyklyk etmeginiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň çäklerinde ýurdumyz abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär.

“Ýyldyz” myhmanhanasynda “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” ady bilen maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Daşary işler we Oba we suw hojalyk ministrlikleri halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň Maksatnamasynyň goldaw bermeginde guradylar. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, BMG-niň düzümleýin bölümleriniň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa merkeziniň, Şweýsariýanyň ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň bilermenleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda halkara guramalaryň wekilleri, milli we daşary ýurtly bilermenler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Olar türkmen tarapynyň ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşdyrylmagyna, umumy dolandyryşyň gurallarynyň kämilleşdirilmegine, serhetüsti suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, Aralýaka ýurtlarynyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine ýardam bermäge gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça türkmen tarapynyň öňe süren tekliplerine garadylar.

1-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň Aziýa we Okeaniýa ýurtlary boýunça orunbasary jenap Ebrahim Rahimpur bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar iki goňşy ýurtlaryň arasyndaky syýasy, diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, energetika, ulag we söwda ýaly ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dekabr aýynyň başynda Aşgabatda altynjy gezek Germaniýanyň Ykdysadyýet güni geçirildi. Ol Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Işewür duşuşyga hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary, GFR-de işewürligi ösdürmek boýunça döwlet guramalarynyň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça ýöriteleşdirilen iri firmalaryň 70-e golaýynyň wekilleri gatnaşdylar.

GFR-iň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça doly ygtyýarly wekili Andreas Peşkeniň belleýşi ýaly, Germaniýa Türkmenistanyň amala aşyrýan we dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasat ugruna ýokary baha berýär.

Türkmenistanda GFR-iň hojalyk desgalarynyň 29-synyň şahamçalarynyň we wekilhanalarynyň açylmagy netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine özara gyzyklanmalarynyň çubutnamasydyr. Nemes kompaniýalarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynda bilelikdäki taslamalaryň 169-sy durmuşa geçirildi. Ýene-de birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek işleri dowam edýär. Maslahatyň çäklerinde döwlet düzümleriniň we Germaniýanyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň we hususy ulgamyň wekilleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklarynda özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlendi.

2-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi. Onuň barşynda iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykydysady, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryna aýratyn üns berildi. Şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň alyp barýan işiniň möhümdigi we Türkmenistanda Germaniýanyň Ykdysadyýet gününiň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi.

Pagta önümleriniň däp boýunça geçirilýän Halkara sergi-ýarmarkasy oba hojalygynda gazanylýan üstünlikler, şol sanda pagtany gaýtadan işleýän senagatyň ýeten derejesi bilen halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda möhüm orun eýeleýär. Bu çäre ýurdumyzyň öňdebaryjy pudagy bolan obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny açyp görkezýär. Ýurdumyzyň dokma senagatynda döwrebap düzümleriň döredilmegi netijesinde Türkmenistan pagtany gaýtadan işlemegiň möçberlerini ýyl-ýyldan artdyrýar we ýokary hilli dokma önümleriniň köp görnüşiniň önümçiligini işjeňleşdirýär.

Halkara ölçeglerine laýye gelýän önümler Oba we suw hojalyk ministrliginiň, ýurdumyzyň Döwlet haryt-çil mal biržasynyň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guran sergisinde möhüm orun eýeleýär. Bu gezekki sergä dünýäniň 30-a golaý ýurdundan daşary yurt kompaniýalarynyň 70-den gowragynyň wekilleri gatnaşdylar. Sergä öz önümlerini gatnaşdyran ýurtlaryň hatarynda Russiýa, Hytaý, ABŞ, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Şweýsariýa, Ýaponiýa, Singapur, Hindistan, Bangladeş, Eýran, Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan, Belarus we beýlekiler bar. Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly Halkara maslahaty geçirildi. Onda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we obalaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen özgertmeleriň çäklerinde oba hojalyk önümçiliginiň hemmetaraplaýyn ösüşi giňden beýan edild.

Bu maslahat dünýäniň iri önüm öndürijileri bilen özara tejribe alyşmak, hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary yurt kompangiýalary we kärhanalary bilen bilelikdäki meseleleri ara ylyp maslahatlaşmak üçin oňaýly meýdança öwrüldi. Pagta önümleriniň Aşgabat sergi-ýarmarkasynyň işiniň çäklerinde “ak altyny” eksport edýänleriň we ony satyn alýanlaryň arasynda tanyşdyryş çäreleriniň we gepleşikleriň geçirilendigini, onuň jemleri boýunça Şweýsariýanyň “Paul Reinhart”, “Carvon Commodities” we “Rezana drading C.A.”, Türkiýäniň “Çalyk Pamyk”, Singapuryň “Olam International” ýaly belli kompaniýalar bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 30 million dollaryndan gowrak bolan şertnamalar baglaşyldy.

Gadymy Nowruz baýramy halklaryň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ýakynlaşmagyna ýardam edýär. Dekabr aýynyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça düzümi türkmen tarapyna bu gadymy baýramy adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek hakyndaky güwänamany resmi taýdan ugratdy.

2016-njy ýylyň 3-4-nji dekabrynda Hindistanyň Amritsar şäherinde owgan meselelerini kadalaşdyrmak boýunça “Aziýanyň ýüregi” Stambul prosesine gatnaşyjy ýurtlaryň ministrleriniň VI maslahatyna gatnaşmagy ýurdumyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlyklaryna ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Oňa tutuş dünýäden wekiliýetleriň 45-si gatnaşdy. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary duşuşyga gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty hem-de ýurdumyzyň Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmak boýunça daşary syýasat başlangyçlary bilen tanyşdyrdylar.Onuň barşynda ýurdumyzyň neşeleriň dolanyşygyna, terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde tagallalaryň utgaşdyrylmagyna, goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen anyk çäreleri barada aýdyldy.

6-njy dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri, şeýle hem özara gyzyklanma bildirlýän halkara we sebitara syýasaty ara ylnyp maslahatlaşyldy. Russiýanyň wekiliýetine Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin ýolbaşçylyk etdi. Şol günüň ertesi, 7-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda ol ýörite duşuşyk gurap, türkmen tarapyny Russiýanyň 2017-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklygynyň Konsepsiýasy bilen tanyşdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz GDA assosirlenen agza bolmak bilen, açyklyk we deňhukukly esasda ýola goýulýan gatnaşyklarda işjeň orun eýeleýändigini mälim edýär we ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine bolan anyk çemeleşmeleri öňe sürýär. 2016-njy ýylda Daşoguz şäheriniň Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu hormatly dereje 400 ýyl töweregi gadymy taryhy we baý milli medeniýeti bolan şähere häzirki döwürde ýeten derejesini giňden beýan etmäge mümkinçilik berdi.

Geçen aýda Daşogzuň GDA-nyň medeni paýtagty derejesiniň tamamlanmagy mynasybetli dabaralar guraldy. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, GDA gatnaşyjy –döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň, Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeniýet pudaklarynyň, şeýle hem “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň wekilleriniň belleýşleri ýaly, Daşoguz Arkalaşygyň medeni paýtagty diýen hormatly wezipäni abraý bilen ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä bileleşiginiň ähli ýurtlary bilen ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary ösdürmek boýunça tagallalarynyň subutnamasy bolan köpugurly, gyzykly we netijeli çäreler muny tassyk etdi.

7-nji dekabrda DIM-de ÝHHG-niň demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça buýrosynyň saýlawlar baradaky baş geňeşçisi Lýusine Badalýan we şol býuronyň saýlawlar boýunça geňeşçisi Wladimir Misew bilen duşuşyk geçirildi. Olar ýurdumyzda 2017-nji ýylyň fewral aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlygyň barşy bilen tanyşmak maksady bilen paýtagtymyza geldiler. Umumy ykrar edilen ýörelgelere we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda Prezident saýlawlaryny guramak boýunça geçirilýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. ÝHHG-niň demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça buýrosynyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Mejlisinde, Adalat ministrliginde, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Halkara nebitgaz forumyna gatnaşan köpsanly daşary ýurtly myhmanlar Türkmenstan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler. Dekabryň başynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda XXI Halkara sergisi hem-de “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016” atly maslahaty geçirildi. Onda dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 70-den gowrak kompaniýa, şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüm bölümleri öz sergilerini ýaýbaňlandyrdylar.

Köpsanly bilermenleriň pikirine görä, Aşgabatda geçirilen pudaklaýyn gözden geçiriliş nebitgaz senagatynyň hünärmenleriniň arasynda işewür gatnaşyklar, täze taslamalary durmuşa geçirmek, pudagy ösdürmegiň dünýä tejribeleri we geljekki ugurlary bilen tanyşmak üçin oňaýly meýdança öwrüldi. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri ýurdumyza gury ýerde hem-de Hazar deňziniň ýalpaklygynda bar bolan känleri gözlemek we işläp taýýarlamak, uglewodorodlary düýpli gaýtadan işlemek, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň täze ýollaryny döretmek babatda kämil, ýokary netijeli tehnologiýalary hödürlemäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Türkmenistanda 2013-2017-nji ýyllarda ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemlemek we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak ýaly meseleler Aşgabatda geçirilen duşuşygyň gün tertibiniň esasyny düzdi. Oňa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa býurosynyň halkara bilermenleri , BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanda adamlaryň sagdynlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere, keselleriň öňüni almaga, adamlaryň ömrüniň uzaklygyny artdyrmaga we sporty wagyz etmäge gönükdirilen çärelere ýokary baha berip, duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça açylan Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Onuň esasy wezipeleri durmuş we biologik ýagdaýlaryň ynsan saglygyna täsirini anyklamak, ekologiýa taýdan arassa azyk tehnologiýalyryny we sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny işläp taýýarlamak boýunça ylmy barlaglaryň amala aşyrylmagyndan ybaratdyr.

10-njy dekabrda DIM-de Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça Sebit wekiliýetiniň täze ýolbaşçysy jenap Žan-Žerom Kasabýanka bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar mundan beýläk-de ýakyn hyzmatdaşlygy bolan gyzyklanmalary tassyklap, ýurdumyzyň Hökümetiniň kabul eden “2016-2017-nji ýyllarda Halkara ysanperwer hukugyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň” çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralar dekabr aýynyň möhüm wakalaryna öwrüldi. “Türkmenistanyň Bitaraplygy we halkara tejribesi: durnukly ösüşiň bähbidine täze hyzmatdaşlyklar” ady bilen Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 10-njy dekabrynda geçirilen Halkara ylmy-am aly maslahatyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň döredijilikli häsiýetine ýokary baha berdiler.

Geçen aýyň ikinji ongünlüginde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen Ýewropa Bileleşiginiň durnukly ösüş strategiýasynyň ornaşdyrylmagyna goldaw bermek — “Türkmenistanda energetika we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak” taslamasy bilen bilelikde okuw maslahaty guraldy. Ol ÝB-niň 2014-nji ýylyň iýun aýynda badalga berlen giň möçberli ekologiýa taslamasynyň çäreleriniň ýokary derejelerini alamatlandyrdy.

Ýurdumyzyň bilermenleri okuw maslahatynda amala aşyrylýan milli we halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilişi hakynda çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde 2020-nji ýyla çenli döwür üçin daşky gurşawy goramagyň Milli strategiýasy taýýarlanylýar. Ol daşky gurşawyň goralmagyna we sagdynlaşdyrylmagyna gönükdirilen amaly çäreleri, Türkmengistanyň ykdysadyýetiniň birnäçe pudaklarynda tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyny we ekologiýa taýdan arassa galyndysyz tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny nazara almak bilen täze önümçilikleri döretmek arkaly howanyň üýtgemegi bilen ýüze çykýan zyýanalaryň öňüni almak we olary ýeňilleşdirmek boýunça hereketleriň meýilnamalary onuň esasyny düzýär.

Halkara walýuta gaznasynyň wekiliýetiniň ýurdumyza bolan sapary dekabr aýynyň möhüm wakasyna öwrüldi. Onuň agzalary ýurdumyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerli önümçilik bilen ornuny tutmak, eksporty höweslendirmek, daşarky şertleriň ýaramaz täsirini peseltmek boýunça alyp barýan işjeň çärelerine ýokary baha berdiler. Aşgabatda geçirilen çäreleriň jemleri boýunça Halkara walýuta gaznasynyň wekiliýetiniň baştutany Martin Sommer metbugatyň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň hökümetiniň amala aşyrýan özgertmelerine ykdysady syýasat we kuwwatlyklaryň ösüş maksatnamasy, şol sanda makroykdysady statistika, çaklama, pul-karzlaşdyryş şertleri, salgyt-býujet syýasaty ýaly meseleler boýunça teklipleriň kömegi arkaly goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Ýurdumyzda Bitaraplyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Irlandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Edrian Makdeýd we Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň baştutany Kristian Berger işe başladylar. Milli parllamentde geçirilen duşuşykda diplomatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “açyk gapylar” syýasatyna we ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän halkara başlangyçlaryna ýokar baha berip, döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy netijeli göreş alyp barmak 14-16-njy dekabr aralygynda Aşgabatda BMG-niň terrorçylyga garşy çäreleri geçirmek boýunça Maksatlaýyn topar we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň bilelikde BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň we Ýewropa Bileleşiginiň goldaw bermeginde guran üç günlük okuw maslahatynyň esasyny düzdi. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň düzümine girýän Maliýe gözleg bölümleriniň wekilleri, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň synçylary, sebit hem-de halkara guramalarynyň, terrorçylygyň maliýeleşdirilimegine garşy göreş ulgamynda hereket edýän terrorçylyga garşy çäreleri geçirmek boýunça Maksatlaýyn toparyň wekilleri çagyryldy. Bu okuw maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy goldamak maksady bilen guralan çäreleriň bäşinjisi bolup durýar.

14-nji dekabrda Aşgabatda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda her ýylda geçirilýän mejlisi boldy. Oňa gatnaşmak üçin düzüminde işewürligi ösdürmek boýunça Amerikanyň döwlet düzüminiň wekilleri, bilermenler, “Jeneral Elektrik”, “Maýkrosoft” “Jon Dir”, “Stýuart Enžiniers” we beýleki kompaniýalaryň wekilleri bolan ABŞ-nyň uly wekiliýeti Aşgabada geldi. ABŞ-nyň işewürleri Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň, oba hojalygy pudagynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen ýokary tehnologiýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.

14-15-nji dekabrda DIM-niň binasynda “Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy: Merkezi Aziýada energetika howpsuzlygy meseleleri” ady bilen sebit maslahaty geçirildi. Ony NATO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk we özara gatnaşyklar boýunça býurosynyň goldaw bermeginde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de Patyşalygyň Goranmak barlaglarynyň birleşen instituty, RUSI (Beýik Britaniýa) gurady.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň halkara we milli seljeriş merkezleriniň bilermenleri, Türkmenistanyň aýry-aýry ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzda hasaba alynan diplomatik we halkara guramalarynyň wekihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde energetika howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleler, Merkezi Aziýada, Owganystanda, Hindistanda hem-de Pakistanda umumy howpsuzlyk we durnuklylyga wehim salynmagynyň meseleleri boýunça pikir we tejribe alyşmak üçin öz wagtynda meýdança döretmegiň mesleleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dekabryň ortalarynda Türkmen şekillendiriş sungaty milli muzeýinde BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy «2016-njy ýylda dünýäniň ilaty» atly Ählumumy dokladyň tanyşdyrylyşyny geçirdi. Ol ýerde gyzlaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň meslelerine ünsi çekýän fotosuratlar sergisiniň açylyşy boldy hem-de ozal yglan edilen «Men öz gyzyma buýsanýaryn» atly fotosuratlar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

2016-njy ýylyň dekabry Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) paýtagtlarynyň arasynda yzygiderli howa gatnawynyň açylmagy bilen hem ýatda galar. Aşgabat-Kazan ýolagçy gatnawy, geçen ýylyň sentýabrynda türkmen paýtagtynda Halkara howa menziliniň dabaraly açylyşynyň domamynda «Türkmenistan» awiakärhanasyna gelip gowşan täze «Boeing -737-800» uçarlarynda hepdede iki gezek amala aşyrylýar.

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugy tarapyndan ýola goýlan Aşgabat-Kazan gatnawy boýunça ilkinji uçar bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilýeti uçdy. Olar Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda işewür duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň birnäçesini geçirdiler. Tatarystanyň Prezidenti R. Minnihanow bilen duşuşyk işewürlik saparynyň maksatnamasynda aýratyn ähmiýetli waka boldy. Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-tatar işjeň gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam we goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini ýollady.

15-nji dekabrda Daşary işler ministrliginda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Torhilda Meri Wiwia Ebott-Uatt bilen duşuşyk boldy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmegiň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň işiniň wajyplygy, ýangyç-energetika toplumynda bilelikdäki hereketleri güýçlendirmegiň möhümdigi
bellenildi.

Dekabryň ortalarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilhana gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derjesinde wekilçilik meseleleri boýunça ikitaraplaýyn maslahat geçirildi. Onuň barşynda taraplar, deňhukukly we özara bähbitli esaslarda guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar.

19-njy dekabrda Daşary işler ministrliginde Sport guramalarynyň halkara konfederasiýasynyň baştutany Boris Rogatin kabul edildi. Duşuşykda 2017-nji ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamyň ösdürilmegine berýän ünsi netijesinde Türkmenistanda sportuň häzirki zaman düzüminiň döredilmegi amala aşyrylýar, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

20-nji dekabrda Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Majibur Rahman işe başlady. Mejlisde we Daşary işler ministrliginde geçen duşuşyklaryň barşynda ilçi döwletimiziň ýokary halkara abraýyny, ählumumy bähbitler üçin amala aşyrylýan ägirt uly işlere ýardam edýän bitaraplyk derjesini belledi.

20-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň wekilleri, BMG-niň düzümleýin bölümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk boldy. Durnukly ösüş maksatnamasynyň meseleleri boýunça okuw-usulýet merkezini döretmek pikir alyşmalaryň esasy ugury boldy. Ony açmak barada başlangyçlar ýokary derejeli çärede, Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag boýunça Ählumumy maslahatyň çäklerinde teklip edilipdi. Türkmen tarapynyň tekliplerini diňläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri bu gyzykly taslamany durmuşa geçirmäge ýardam etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Edil şol günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalyk jemgyýetçiliginiň howa durnukly ykdysady durmuşyny goldamak» taslamasy boýunça iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guraldy. 2020-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen bu taslamany ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda demografiýa, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, ýurduň oba sebitleriniň ýer we suw serişdeleri boýunça statistika maglumatlaryna garaldy. Taslamanyň ýerine ýetirilmeginiň uýgunlaşmak mümkinçiligini hem-de onuň amala aşyrylmagy üçin saýlanyp alnan howanyň üýtgeýän şertlerinde Lebap welaýatynyň Galkynyş hem-de Daşoguz welaýatynyň Görogly etraplarynyň ilatlarynyň goraglylygyny artdyrjakdygyna garaşylýar. Amala aşyrylan çäreler taslama üçin saýlanyp alnan hojalyklarda suwdan peýdalanmagyň we oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer diýlip çak edilýär.

Geçen ýylyň iň soňky aýy ildeşlerimizň halkara ýaryşlarynda gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen hem ýatda galdy. Türkmen türgenleri Belarusuň paýtagty Minsk şäherinde geçen taekwondonyň ITF görnüşi boýunça GDA-nyň kubogy ugrundaky açyk ýaryşda— dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşda dokuz medala – dört altyn, iki kümüş we üç bürünç medala mynasyp boldular. Ýurdumyzyň ussat kikboksçylary Tallinde geçen halkara ýaryşynda hem üstünlikli çykyş etdiler. Aýyň ýene bir ähmiýetli wakasy Saparmyrat Atabaýewiň küşt boýunça ýaşy 17-ä çenli küştçüleriň arasynda Soçide (Russiýa) geçen ýaryşda dünýäniň çempiony bolmagydyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Sagdynlyk we ruhubelentlik ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýyl Türkmenistan üçin baş sport forumy bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen dabaralanar. Mälim bolşy ýaly, bu oýunlar yklym derejesiniň çäginden çykar, çünki oňa diňe bir Aziýa ýurtlary däl-de, Okeaniýa döwletleri hem gatnaşanar. Bu bolsa şeýle ýaryşlarda henize bu güne çenli bolmadyk ýagdaýdyr. Häzirki wagtda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň esasy gurluşyk işleriniň aglaba bölegi tamamlandy. Onuň binýadynda eýýäm birnäçe ýaryşlar, şol sanda sambo, türkmen milli göreşi we guşaklaşma göreşi, basketbol, tennis, ýeňil atletika boýunça halkara ýaryşlary geçirildi.

Türkmenistanyň ýygyndysy 33 medala mynasyp bolup, 24 döwletden, şol sanda Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Saud Arabystanyndan, Singapurdan, Nepaldan we beýleki ýurtlardan ýüzlerçe türgeni Aşgabada jemlän jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionatynda ýaryş tertipnamasynyň başyny çekdi. Ýaryşyň açylyş dabarasynda çykyş eden jiu-jitsu Halkara federasiýasynyň prezidenti Panauotis Teodorpoulos türkmen tarapyna türgenleriň ýaryşmagy we dynç almagy üçin guralan doly bahaly şertler hem-de ajaýyp guramaçylyk üçin hoşallyk bildirdi. Dekabryň 7-sinden 12-sine çenli dowam eden ýaryşyň netijesi boýunça milli ýygyndymyzyň düzümi kesgitlener. Aziada-2017-de türkmenistanly türgenleriň medallar üçin esasy dalaşgär boljakdyklaryna häzirden hiç-hili şek-şübhe ýokdur.

Ýylyň ahyrynda Gollandiýanyň Eýndhowen şäherinden şatlykly habar gelip gowuşdy. Ol ýerde basketbol boýunça uly halkara ýaryşy geçirildi. Onda milli ýygyndymyzyň zenanlar topary altyn, erkekler topary kümüş medala mynasyp bldular. Mälim bolşy ýaly, 3×3 görnüşli basketbol Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. şonuň üçin hem Gollandiýada geçen bu ýaryşa yklym derejesindäki toplumlaýyn ýaryşlara taýýarlygyň möhüm tapgyry hökmünde garalýar.

Geçen 2016-njy ýylyň iň soňky aýynyň möhüm wakalarynyň siziň dykgatyňyza hödürlenen syny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan, döwlet ösüşiniň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmäge hem-de özüniň hakyky gülläp ösýän eýýamyna gadam basan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugruny amala aşyrmaga gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmekde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň önjeýli işlerini aýdyň görkezýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Agzalaryna

Türkmenistanda Bilim we Sport Boýunça Halkara Sergi we Ylmy Maslahat Geçirilýär

turkmenhabargullugy

Täze ýyl sergi-ýarmarkasy.

syrach