35.9 C
Aşkabat
02.08.2025
DÜNÝÄ

ANGELE MERKEL GÜNORTA KIPR GREK DOLANŞYGYNDA SAPARDA BOLÝAR

Germaniýanyñ Premýer ministri Angele Merkel Günorta Kipr Grek dolanşygynda saparda bolýar.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna geçmejekdigi beýan edilen Merkeliñ saparynyñ gün tertibinde ÝB we NATO gatnaşyklary bilen Kipr meselesi esasy orun eýeleýär.

Larnaka aeroportunda Grek dolanşygynyñ Daşary işler ministri Markos Kiprianu tarapyndan garşy alynan Merkel aeroportda beýanat bermedi.

Merkel Grek dolanşygynyñ lideri Dimitris Hristofýas bilen duşuşdy.

Angele Merkel ara sebitde Geothe institutyna baryp görer we BMG-nyñ Baş sekretarynyñ Kipr boýunça ýörite wekili Lisa Buttenheýim bilen duşuşar.

Angele Merkel Kipr Grek dolanşygyna sapar guran Germaniýanyñ ilkinji Premýer ministri boldy. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Türkmen Lukmanlary Bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Bilermenleri

turkmenhabargullugy

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Üçin Maglumat

turkmenhabargullugy

Er-Riýadda Türkmen-Saud Hökümetara Toparynyň Nobatdaky Mejlisi Boldy