25.9 C
Aşkabat
17.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Daşary Ýurtly Hyzmatdaşlar Bilen Nobatdaky Duşuşyklar we Wideomaslahatlar Geçirildi

Sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen türkmen-eýran daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň çäklerinde däbe öwrülen dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn görnüşde geçirilen duşuşygyň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary hem-de bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Sebitiň we dünýäniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde, Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriň çäklerinde ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli geňeşmeleri dowam etmek barada bir pikire geldiler. Şol geňeşmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine kybap gelýän hoşniýetli goňşuçylyk türkmen-eýran gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki işiň esasy ugurlaryny kesgitlemäge we ylalaşmaga mümkinçilik berýär.

***
Şu gün BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň işgärleriniň Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) hünärmenleri bilen onlaýyn görnüşde iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda BSG-niň hünärmenlerine ýurdumyzyň bu halkara guramasynda synçy derejesini almagy üçin Türkmenistanda geçirilýän işler barada habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15-nji aprelinde we 4-nji maýynda DIM-niň edara binasynda geçirilen Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisleriniň jemleri boýunça ýurdumyzyň bu guramanyň işine synçy derejesinde gatnaşmagy baradaky netijä gelnendigi bellenildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bu guramada synçy derejesine eýe bolmagy milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmäge ýardam eder. Şeýle hem Türkmenistanyň ykdysady syýasaty we daşary söwda tertibi hakyndaky syn taýýarlanyldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesini bermek baradaky meselä BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibinde seretmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

***
Şu gün ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn duşuşygyň barşynda «Merkezi Aziýada aýanlygy ýokarlandyrmaga ýardam we ykdysady jenaýatlara garşy göreş» atly maksatnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi öz strategik hyzmatdaşy bolup durýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli syýasaty alyp barmagy bilen ýurdumyz Merkezi Aziýada esasy orny eýeleýär hem-de sebit we sebitara gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary ylalaşdyryjylyk mümkinçiliklerini görkezýär diýlip, çykyşlarda bellenildi.

ÝB-niň bilermenleri teklip edilýän taslama gysgaça syn berdiler. Hukugyň hökmürowanlygy babatda geçirilýän işler, şeýle hem ykdysady aýdyňlygy üpjün etmekde goldawyň berilmegi Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Onlaýn duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysady esaslarynyň durnuklylygy milli Liderimiziň geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň netijesi bolup durýar, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hyzmatdaşlyga täze çemeleşmeleriň amala aşyrylmagy bolsa, bilelikdäki işleri mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat eder.

***
Şeýle hem şu gün ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de Şweýsariýanyň «SICPA SA» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi.

Gepleşigiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardan alýan hem-de daşary ýurtlara ugradýan harytlaryny belgilemek, öndürilýän möçberlerine gözegçilik etmek hem-de harytlaryň hereketine monitoringi amala aşyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de «SICPA SA» (Şweýsariýa) kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek we strategik hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu kompaniýa enjamlary işläp taýýarlamak we öndürmek hem-de harytlary belgilemek üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlamakda dünýäniň öňdebaryjylarynyň biri bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň bu ugry ýurdumyzda dürli senagat we oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberleriniň durnukly artmagyny nazara almak bilen möhüm bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk hojalygynyň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek sebitleri senagatlaşdyrmak we toplumlaýyn ösdürmek, hususy telekeçilere döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça tassyklan giň gerimli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek babatda wezipeler üstünlikli çözülýär.

Şunuň bilen bir hatarda, döwrebap sanly ulgamlary ornaşdyrmak, Türkmenistanyň maliýe ulgamyny we daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara bazarlarynda eýeleýän ornuny berkitmek boýunça uly işler geçirilýär.

Gepleşikleriň barşynda taraplar harytlary belgilemek üçin ýurdumyzy öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek işinde özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.

***
Şu gün wideokonferensiýa görnüşinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Söwda-senagat edarasyna agza-döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdan daşary duşuşygy geçirildi.

Mejlise gatnaşyjylary YHG SSE-niň prezidenti Azarah Hafizi hem-de şol guramanyň Baş sekretary Adem Kula mübäreklediler.

YHG sebit halkara ykdysady düzüm bolup, Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan onuň agzalary bolup durýarlar.

COVID-19 pandemiýasy bilen şertlendirilen ykdysady şertlerde işewürligi goldamak hem-de bu ýagdaýy nazara almak bilen YHG girýän ýurtlaryň söwda-senagat edaralarynyň işi şu günki geçirilen onlaýn-duşuşygyň esasy meselesi boldy.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda işewürligi ösdürmek boýunça geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Biziň ýurdumyzyň öňünde Söwda-senagat edarasynyň işiniň esasynda bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam etmek, işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin şertleri döretmek, daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek wezipeleri durýar.

Ykdysady ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşandyny goşmak bilen SSE telekeçileri höweslendirmäge, maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýän ençeme iri çäreleriň guramaçysy bolup çykyş edýär.

Şu günki duşuşyga gatnaşyjylar YHG-niň agza-döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek boýunça teklipleri we başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar hem-de nobatdaky mejlisiň senesini kesgitlediler. TDH

Degişli makalalar

“Türkmengaz” Döwlet Konserniniň Başlygynyň Wezipesini Ýerine Ýetiriji Bellenildi

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde Döwlet Baýdagynyň Güni Mynasybetli Baýramçylyk Konserti Boldy

Demirgazyk Sebitde Gök-Miwe Önümleriniň Öndürilişi Artdyrylýar