15.01.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

“Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Resminama bilen, Içeri işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky”, “Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda we “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmk hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 13180-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýangyn howpsuzlygy babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama bilen wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamy gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri Baýramow Döwrangeldi Garýagdyýewiçe käýinç yglan edildi.

Degişli makalalar

Atçylyk Pudagynyň Desgalarynyň Täze Toplumynyň Açylyş Dabarasy

syrach

Ahalteke Kubogy Ugrundaky Özbaşdak we Toparlaýyn Geçiriljek Ýaryş Aşgabat 2017-niň Atly Sportuna Badalga Berer

Türkmen Alabaýy-Özboluşly Tohum Itidir