21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Filippinli Garyşyk Söweş Sungatynyň Türgeni Guşakly Göreş Boýunça Kämilleşmek Isleýär

Filippinli Garyşyk Söweş Sungatynyň Türgeni Guşakly Göreş Boýunça Kämilleşmek Isleýär

Durmuş her kim üçin bir ýerden başlanýar, emma Kristof Hofman üçin ähli zat telewizoryň başynda başlady.

Filippinli türgen Kristof Hofman Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda geçirilýän guşakly göreşe gatnaşýar, emma ol öz dogduk mekanynda garyşyk söweş sungatynyň göreşçisi hasaplanýar.

Kristof 2 aý mundan ozal guşakly göreş sporty bilen meşgullanyp başlady. Ol wideo rolikler arkaly ýaryşlary görüp, dzýudo guşagyny ulanyp, düşekçede alnyp barylýan hereketleri gaýtalamak bilen bu sport görnüşini yzygiderli öwrenýärdi.

“Filippinler biziň bu ýerik gelmegimizi we bu söweş sungaty öwrenmegimizi islediler. Guşakly göreş ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde geçirilýär, şonuň üçin biz bu ýaryşa uly höwes bilen gatnaşýarys” diýip, 27 ýaşly türgen gürrüň berdi.

“Ýykylan göreşden doýmaz” diýlişi ýaly, Kristof Hofman hepdäniň başynda -90kg agram boýunça geçirilen erkin we nusgawy görnüşlerde 5-0 hasap bilen ýeňlen hem bolsa, tälimçiligini bu ugurdan dowam etdirmek isleýär.

Türgen sentýabr aýynyň 22-sine, anna güni geçirilýän guşakly göreşiň alyş, erkin usulyna gatnaşýar, ýöne onuň sportuň bu görnüşini öwrenmek islegi gün-günden artýar.

“Aşgabat 2017 oýunlary meniň üçin özboluşly tejribelik mekdep bolup durýar. Men ýeterlik öwrendimmikäm diýip pikir edýärin we alyş, erkin usuly boýunça geçirilýän ýaryşda tutluşmaga taýýar” diýip, Kristof sözüniň ahyrynda öňünde goýan maksadyny beýan etdi.

Alyş, erkin usulynda -60kg, -70kg, -80kg, -90kg, -100kg, we +100kg agramda çykyş edýän erkek türgenler hem-de -55kg, -60kg, -65kg, -70kg, -75kg, +75kg agramda çykyş edýän zenanlar 12 sany altyn medal bilen sylaglanar. Sportuň bu görnüşinde Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň pälwanlary öz ussatlygyny görkezerler.

Degişli makalalar

Aşgabatda Türkmen-Wenger Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany