18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Howanyň Üýtgemegi Boýunça Milli Strategiýany Täzelemek Babatda Iş Alnyp Barylýar

BMG-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasynyň (BMG HÜBÇK), ählumumy Pariž ylalalşygynyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň halkara borçlarynyň çäklerinde we Durnukly ösüş maksatlary jähtinden ýurdumyzda howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna gaýtadan garamk işi başlanýar.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň (BMG ÖM) we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) goldamagynda bu işi utgaşdyrar.

Döwlet edaralarynyň birnäçesiniň işgärleri işçi toparynyň düzüminde bolup, ol indiki ýylyň tomsunda resminamanyň taslamasyny garamaga berer. Milli strategiýa 2012-nji ýylyň iýunynda kabul edilipdi, onda resminamany her bäş ýyldan täzelemek barada düzgün bellenilendir.

Milli tokaý maksatnamasy bir bölegi bolan howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa HÜBÇK-niň we Kioto teswirnamasynyň düzgünleri göz öňünde tutulyp işlenilip taýýarlanyldy, Türkmenistan olara degişlilikde 1995-nji we 1998-nji ýyllarda goşulypdy. Howanyň ählumumy üýtgemegi gepleşikleriň geçirilip başlanylmagyna we 2015-nji ýylda täze, bilermenleriň pikirine görä, has netijeli resminamany – Pariž ylalaşygyny işläp taýýarlamaga itergi berdi, oňa howa goýberilýän zyňyndylary azaltmakdan (mitigasiýa) başga-da, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm ugur hem goşuldy. Ýene 2015-nji ýylda dünýä bileleşigi Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) kabul etmegiň jähtinden howa babatda täze Gün tertibini belledi. Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda DÖM-ny ornaşdyryp başlady.

HÜBÇK boýunça borçlaryň jähtinden biziň ýurdumyz 2000, 2009, 2015-nji ýyllarda milli maglumatlaryň üçüsini taýýarlady. Ýakyn wagtda ÝuNEP-iň ýardam bermeginde şy kysmy dördünji hasabaty taýýarlamak boýunça işe başlanylar, ony 2022-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ilkinji iki ýyllyk, ýagny konwensiýanyň çäklerinde Türkmenistanyň işiniň meýletin hasabaty taýýarlanylar. 2012-nji ýylda Milli strategiýanyň kabul edilen döwründen bäri Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitei hem-de Oba we suw hojalygy ministrligi beýleki pudaklaýyn edaralar we dürli halkara guramalary bilen gurak sebitlerde howanyň üýtgemegine durnukly durmuşa ukyplylyga, energiýa tygşytlylygyna, suwdan rejeli peýdalanmaga gönükdirilen bilelikdäki köpýyllyk taslamalary durmuşa geçirýärler. Häzirki wagtda FAO-nyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň guraklyga hem-de şorlaşmaga uçran oba hojalyk meýdanlarynyň çäklerinde tebigy serişdeleri toplumlaýyn dolandyrmak boýunça taslama durmuşa geçirilip başlanmaly. Taslama 2018-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda dowam eder. Şeýle hem BMG-nyň ÖM-nyň utgaşdyrmagynda we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň goldamagynda Aşgabatda we Awazada durnukly şäherler boýunça taslama işläp başlady.

BMG-nyň HÜBÇK-niň wekili Gurbangeldi Allaberdiýewiň aýtmagyna görä, milli hasabat –munuň özi zäherli gazlara gözegçilikdir, serişde tygşytlaýyjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly olaryň howa goýberilişine we ýurtda bu babatda ylmy barlaglaryň geçirilişine syndyr. Resminama alyp barýan işi daşky gurşawyň ýagdaýyna belli bir derejede täsir edýän pudaklaryň berýän maglumatlarynyň esasynda düzülýär. Onda suw we ýer serişdelerine, oba hojalygyna, ilatyň saglygyna, ekoulgamyň ýagdaýyna garalýar, howply howa ýagdaýlary göz öňünde tutulýar. Hasabat howanyň üýtgände görülmeli çäreleri takmyny maksatnamalaryny işläp taýýarlamagy öz içine alýar, munuň üçin modullar we maksatnamalar yzygiderli kämilleşdirilýär, Türkmenistan hem şunda döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanmaga çalyşýar. Ýurt babatda ähmiýetli çäreleri göz öňünde tutýan şeýle çaklama durmuş-ykdysady ösüşe hem degişlidir.

Howanyň üýtgemeginiň statistikasy, ählumumy barlaglaryň, şol sanda HÜBÇK-niň çäklerinde howanyň üýtgemegi boýunça bilermenleriň hökümetara toparynyň (HÜBBHT) geçirýän barlaglary öwrenilýär. Pariž ylalaşygyny kabul etmegiň jähtinden Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň makroykdysady nusgasyny pudaklar boýunça energiýa talap edijiligine esaslanýan seljermesi geçirildi. Uzak möhletleýin çaklama 2015-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwri öz içine alýar. Ol önümçilikde ekologiýa taýdan howpsuz öňdebaryjy tehnologiýalar giňişleýin ulanylanda howa zyýanly zyňyndylaryň goýberilişini ep-esli azaldyp boljakdygyny görkezýär. Bu maglumatlar nobatdaky milli hasabatda we esasy ähmiýetli ugurlary üýtgewsiz galýan täzelenen Milli strategiýa düzülende ulanylar.

Howa şertleriniň üýtgemeginiň deňeşdirme seljermesi üçin esasy görkeziji hökmünde 1961-1990-njy ýyllarda bolan meteorologiýa maglumatlary ulanylýar. Meteorologiýa maglumatlary 55 ýylda umuman ygalyň umumy möçberiniň üýtgemändigini, Türkmenistan boýunça howanyň ortaça temperaturasynyň 1 gradusa çenli artandygyny görkezýär. 2011-2016-njy ýyllar ýurdumyzda meteorologik gözegçilik edilip başlanan döwürden bäri iň yssy ýyllar boldy. Çaklamalaryň görkezişi ýaly, älemiň temperaturasy ýakyn geljekde belli bir derejede durnukly bolar.

“Geljekde bize milli kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny, şol sanda “ýaşyl” tehnologiýalara geçmegiň tehnologik işläp taýýarlamalaryny kämilleşdirmek boýunça işler we energiýa taýdan netijeli ösüş garaşýar, olar täze strategiýada beýan ediler. Ýurdumyzda häzirem galyndysyz önümçilikler bar, ýurdumyzda açylan we gurulýan tebigy gazy gaýtadan işlemek ulgamyndaky ekologiýa taýdan howpsuz toplumlar muňa mysal bolup biler. Türkmenistan içerki jemi önümiň usulýetini göz öňünde tutup, iki ugry – howa zyýanly zyňyndylaryň göýberilmegini azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly ugurlary ösdürýär” – diýip bilermen belledi.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Ösüşiniň Täze Tapgyryna Gadam Basdy

Mejlisiň Deputatlarynyň Möhletinden Öň Çykyp Giden, Şeýle Hem Halk Maslahatlarynyň we Geňeş Agzalarynyň Dalaşgärlerine Şahadatnamalar Gowşuryldy

Bilim, Sport we Syýahatçylyk atly maslahat tamamlandy.

syrach