34.9 C
Aşkabat
16.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan geçirilýän işe degişli meselelere, şeýle hem bu düzümleriň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak we geljekde olaryň işini has-da kämilleşdirmek boýunça görülýän çärelere garaldy.

Döwlet Baştutany gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara söz berdi.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän harby özgertmeler türkmen halkynyň asuda we döredijilikli durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýar diýip belledi. Şeýle hem Ý.Berdiýew döwletimiziň mizemezligini goramak we türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhüm binýady bolan durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň alyp barýan işlerine ýurdumyzyň jemgyýetçilik ösüşini berkarar etmekde möhüm ornuň degişlidigini belläp, asudalygyň, halkymyzyň mundan beýläk-de jebisliginiň pugtalanmagy ýurduň rowaçlygynyň baş kepilidir, bu bolsa abadançylyk ýoly bilen üstünlikli hem-de batly gadamlar bilen öňe gitmegi şertlendirýär diýip belledi.

Soňra Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow ýurdumyzyň döwlet serhedinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler hakynda hasabat berdi. M.Yslamow häzirki wagtda döwrebap serhet galalarynyň kemala getirilmegi bilen bir hatarda serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň maşgalalary üçin amatly ýaşaýyş jaýlarynyň hem gurulýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz mähriban Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak babatda alnyp barylýan işleriň derwaýysdygyny belläp, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň parahatçylygyň we dostlugyň serhedi bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermegiň asylly hem jogapkärli wezipedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri serhet goşunlarynyň işini kämilleşdirmek, onuň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ol milli goşunymyzyň harby-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny has-da kämilleşdirmek, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler hakynda aýtdy hem-de harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýşy üçin ýokary derejeli amatlyklaryň döredilýändigini nygtap, türkmen esgerleriniň ata Watanymyza we halkymyza mundan beýläk-de halal gulluk etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby-tehniki binýadynyň has-da kämilleşdirilmegine, harby gullukçylaryň üstünlikli gulluk etmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegine, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna yzygiderli üns beriljekdigini belledi we ýurdumyzyň parahatçylygynyň, howpsuzlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili bolan milli goşunyň goranyş ukybynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda alada ediljekdigi barada aýtdy.

Soňra ýurdumyzyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işleriň netijeleri, tutuş adamzat üçin howp bolan neşekeşligiň soňuna çykmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyz parahatçylyga we giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan syýasaty amala aşyrmak arkaly neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde dünýä jemgyýetçiligi bilen tagallalaryny utgaşykly alyp barýandygyny belläp, bu usulyň netijeliligini aýratyn nygtady. Şeýle hem milletiň Lideri bu ugurda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Baş prokurory Ç.Hojamyradow çykyş etdi. Ol öz hasabatynda döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň berjaý edilmegi ugrunda prokuratura edaralarynyň ýerine ýetirýän işiniň netijeleri barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda bina edilýän desgalaryň gurluşygyna, işleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegine, şol bir wagtyň özünde bolsa, olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ýerlerde hukuk tertibiniň bozulmalarynyň öňüni almak ugrunda Içeri işler ministrliginiň düzümlerinde durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany ýurtda kanunçylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmeginde, raýatlaryň konstitusion hukuklaryny goramakda Içeri işler ministrligine möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Şeýle hem milletiň Lideri ministrligiň ähli düzümleriniň işiniň häzirki döwürde bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini talap etdi.

Mejlisde Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Begliýew gullugyň düzümlerinde ýerine ýetirilýän işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz gullugyň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler barada belläp, bu işleriň halkara ülňülerine doly laýyk gelmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygy barada anyk tabşyryklar berdi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Ý.Ýazmyradow özüniň hasabatynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutany kazyýet edaralarynyň işiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlara we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmekde ýurtda ýaýbaňlandyrylan hukuk özgertmeleriniň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtady we oňyn özgertmelerden gelip çykýan wezipeleri berjaý etmek boýunça degişli işleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň adalat ministri M.Garryýew ministrligiň işiniň netijeleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem milletiň Lideriniň bu ulgamda öňe süren özgertmeleriniň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada aýtdy.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini we türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde bu ministrligiň işiniň möhüm ähmiýete eýedigini belledi we ukyply hünärmenleriň ilata ýuridiki taýdan kömek bermek, raýatlaryň hukuk boýunça düşünjeliligini artdyrmak bilen bagly işleri yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Berdiýew ýurdumyzyň serhedinden geçýän ýükleriň talaba laýyk gözden geçirilmegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol gullugyň maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan gyzyklanmalarynyň çalt depginler bilen ösýändigini nazara alyp, bu gullugyň borçlaryndan we ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan wezipeler barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary jemläp, 2011-nji ýylyň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Çünki şu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygy mynasybetli belent dabaralar ýaýbaňlandyrylýar diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bu ählihalk dabaralaryna ykjam taýýarlyk görmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belenet Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletimiziň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň parahat we abadan durmuşyny goramakda harby gullukçylaryň bitirýän hyzmatlary örän ýokarydyr, olar Watanymyza wepaly gulluk etmegiň belent nusgasyny görkezýärler.

Milletiň Lideri mejlisiň ahyrynda degişli çözgütleri kabul edip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna alyp barýan örän jogapkärli hem-de asylly işlerinde üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy. 

referans: www.turkmenistan.com

Degişli makalalar

“Türkmenpoçta” Harytlaryňyzy Öýe Eltip Berme Hyzmatynyň Açylanlygy Barada Habar Berýär

Ýurdumyzyň Baş Arçasy Dürli Öwüşginli Yşyklara Beslendi

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

syrach