15.9 C
Aşkabat
05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, birnäçe mnistrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýyna we käbir düzümleriň guramaçylyk meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyny açyp, oňa ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowy çagyrdy. Wise-premýer  gözegçilik edýän düzümlerinde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de maksatnamanyň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýän desgalar barada hasabat berdi.   

Milli Liderimiz ýurdumyzyň maliýe-ykdysady düzümleriniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Milli özgertmeler maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda şu ýylyň dowamynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamasyny taýýarlamak hem-de maliýeleşdirmek meselelerinde alnyp barylýan işlerinde haýal-ýagallyga ýol berilýändigini aýdyp, bu ugurda anyk ýörelgelerden ugur almagy wise-premýerden berk talap etdi. 

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy. 

Milli Liderimiz welaýatyň obasenagat toplumynda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki döwrüň talabyna we agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy häkimdan berk talap etdi. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda möhüm ähmiýeti bolan ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak, suwaryş ulgamyny göwnejaý ýola goýmak bilen baglanyşykly işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünçi çekdi. 

Milli Liderimiz wise-premýerler we B.Hojamämmedowyň,  Ş.Durdylyýewiň hem-de häkimiň ünsüni welaýatda 2016-njy ýylda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça meýilnamalaryň düzülmändigine, köpsanly desgalaryň bolsa gurluşygyna başlanmandygyna çekip, bu ugurda bar bolan kemçilikleri düzetmek boýunça  birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Satlykow we welaýatyň häkimi D.Durdyýew çagyryldy. Häkim ýanwar aýynyň dowamynda sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeleri, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ol Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, olaryň öz wagtynda gurulmagy bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini aýdyp, welaýatda suw, dökün we ýokary hilli tohumlar bilen üpjünçilik meselesiniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy we bu babatda zerur işleriň alnyp barylmalydygyna häkimiň ünsüni çekdi. 

Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde 2016-njy ýylyň dowamynda  gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyna häzire çenli girişilmändigini aýdyp, wise-premýerler B.Hojamämmedowa, S.Satlykowa  we häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.   

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän  iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Daşoguz welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew hem çagyryldy. Iş maslahatynyň barşynda häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde oba hojalyk tehnikalaryny, ýerleri ýaz-meýdan işlerine taýýarlamagyň barşy barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem mösümleýin oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Aýratyn-da, milli Liderimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň ýeterlik suw, dökün we tohumlar bilen üpjünçilik meselelerine ünsi çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işlere ünsi çekip, maksatnama laýyklykda geçirilmeli işleri seljerip, ýurdumyzyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen bilelikde desgalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň çeşmesini kesgitlemek bilen baglanyşykly zerur işleri geçirmegi tabşyrdy  we bu ugurda bar bolan kemçilikleri düzetmek babatda wise-premýerlere hem-de häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda welaýatlarda oba hojalyk önümçiligini ösdürmek maksady bilen, daýhan hojalyklary üçin ýörite ýer gaznasyny döretmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hasabatda Oba we suw hojalyk ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan önüm öndürijilere berlen ýeňillikleriň öwezini dolmak üçin harajatlary maliýeleşdirmek barada çözgüdiň taýýarlanandygy barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberlerini artdyrmak, olary gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly meseleleriň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, daýhan hojalyklary üçin ýer gaznasynyň döredilmegi  bu ugurda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegini üpjün etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda işlenip taýýarlanylan degişli teklipleri ugurdaş düzümler bilen bilelikde seljerip, ony has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy. 

Gyş paslynyň maýyl günlere baý bolandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz munuň özi dürli mör-möjekleriň döremegini şertlendirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ekinlere we ekerançylyk meýdanlaryna ýaramaz täsir edýän mör-möjeklere garşy göreş çäreleriniň maksatnamasy işlenip taýýarlanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Lebap welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Ereşow çagyryldy. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, ak ekinlere ideg edilişi, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny gowaça ekişine taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça işlere giň gerim berildi. 

Milli Liderimiz oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn we ylmy esasda  ösdürilmegi ugrunda döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini aýdyp, welaýatyň etraplarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, daýhanlary ýokary hilli dökünler bilen üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatda Oba milli  maksatnmasyny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işlere ünsi çekip, bu ugurda birnäçe kemçiliukleriň bardygyny, maksatnama laýyklykda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynyň düzülmändigini aýdyp,  alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, zerur desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak babatda wise-premýerler B.Hojamämmedowa, B.Ereşowa  we häkime birnäçe anyk tabyşyrklary berdi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowyň hasabaty diňlenildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Mary welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary M.Ýazmuhammedowa hem çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri, ekerançylyk meýdanlaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, topraga ideg etmek işlerini guramaçylykly alyp barmak  boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.  Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi. 

Milli Liderimiz welaýatda oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara we döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny, ýerlerde suw, dökün we tohumlar bilen üpjünçilik işleriniň gowulandyrylmalydygyny tabşyrdy. 

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça işleriň ýaramaz alnyp barylýandygyny, fewral aýynyň başlanandygyna garamazdan, şu ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynyň hem düzülmändigigini belläp, bu ugurda bar bolan kemçilikleri düzetmegi wise-premýerlerden we häkimden talap etdi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň türkmen paýtagtyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew çagyryldy. Häkim häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerini talabalaýyk alyp barmak boýunça degişli düzümleriň işlerini güýçlendirmek babatda milli Liderimiziň ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ak mermere beslenýän Aşgabatda ýokary durmuş derejesini üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini, paýtagtymyzyň abadançylyk we arassaçylyk görkezijilerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.  Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işlerine talabalaýyk çemeleşilmelidigini, olaryň binagärlik aýratynlyklaryna üns berilmelidigini aýdyp, bu babatda wise-premýere hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisi, onuň gün tertibine girizilen meseleler barada hasabat berdi. 

Guramaçylyk komitetiniň mejlisiniň barşynda türkmen türgenleriniň taýýarlygy bilen baglanyşykly meselelere, Olimpiýa şäherjiginiň sport meýdançalarynda synag ýaryşlaryny geçirmäge, şeýle hem şäherjigiň ýapyk welotreginde welosport boýunça halkara ýaryşyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, wise-premýer milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda Oguzhan adyndaky Tehnologiýalar uniwersitetini açmak, onuň düzümine senagat ulgamyna degişli hünärleri girizmek, uniwerstetiň şahamçalaryny döretmek we täze ýokary okuw mekdebiniň ýanynda türkmen-ýapon mekdebini açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň ähmiýetlidigini belledi we olardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekip, Oguzhan adyndaky Tehnologiýalar uniwersitetiniň döredilmeginiň ýurdumyzy mundan beýläk-de senagatlaşdyrmakda zerur bolan injener-tehniki hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny, onuň ýanynda türkmen-ýapon mekdebiniň açylmagynyň bolsa ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigini belledi. Täze ýokary okuw mekdebiniň iň häzirkizaman okuw enjamlary bilen üpjün edilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu ugurda degişli çäreleriň görülmelidigini nygtady. Munuň özi uniwersitetiň welaýatlarda dörediljek şahamçalaryna degişlidir diýip, hormatly Prezidetimiz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam etdirmek bilen,  häzirki döwürde ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary işjeň ösdürýändigini belläp, türkmen-ýapon mekdebiniň açylmagy bu ugurda zerur bolan hünärmenleriň taýýarlanmagynda möhüm orun eýelejekdigini aýtdy we ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işleriň degişli derejede alnyp barylmagy babatda zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga birbada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganowy, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministi B.Abaýewi, şeýle hem ministriň orunbasarlary K.Gurbanowy, R.Meredowy çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň söwda ulgamynda birnäçe kemçilikleriň hem-de düzgün bozmalaryň bardygyny belläp, ministrligiň işine düýpli nägilelik bildirdi.  

Milli Liderimiz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin ministriň orunbasary R.Meredowy eýeleýän wezipesinden boşatdy we degişli resminama gol çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz düzümlerde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini ýurdumyzda korrupsiýa garşy göreşmek boýunça çäreleriň güýçlendirilmelidigini, öz garamagyndaky düzümlerde hukuk bozulmalaryna ýol berýän ýolbaşçylara berk çäre görüljekdigini aýratyn belledi. 

Milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty jemlemek bilen, Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça işleriň alyp barylmagy we ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi babatda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.  

Degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY

syrach

2016-njy Ýylda Türkmenistanda Umumy Bahasy 5 Milliard ABŞ Dollaryndan Gowrak Bolan Desgalaryň 202-si Ulanmaga Berildi

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ykdysady Kuwwatyny Durmuşa Geçirmegiň Esasy Ugurlaryny Kesgitledi