15.9 C
Aşkabat
19.05.2024
DURMUŞ

Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan dabaralar

Türkmenistanda Türkmen halysynyň barýamçylygy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenildi. Bu şanly sene mynasybetli ähli şäherlerde we etraplarda baýramçylyk duşuşyklary we sergiler, konsertler we teatrlaşdyrylan tomaşalar geçirildi. Ýurdumyzyň keşbi günsanýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyz türkmen halysyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmen halysynyň milli muzeýinde “Türkmeniň kalby—türkmen halysy” atly halkara sergisi açyldy, oňa gatnaşmak üçin Aşgabada Ýewropanyň, Aziýanyň köp sanly ýurtlaryndan we ABŞ-dan alymlar we hünärmenler geldiler. Bu sergi ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň örän uly kuwwata we ösüş babatda oňaýly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyny aýdyň görkezip, halkymyzyň gadymy hem-de döwlet tarapyndan yzygiderli ýagdaýda alada bilen gurşalan bu sungatyna mahsus bolan täsin ýörelgeleriň gaýtadan dikeldilýändigine we olara aýawly garalýandygyna şaýatlyk edýän subutnama öwrüldi.

Şu gün baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar “Türkmenhaly” Döwlet paýdarlar korporasiýasynyň mejlisler zalynda duşuşdylar. Bu ýerde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky ?I mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu jemgyýet dünýäniň dürli ýurtlarynyň hünärmenlerini, alymlaryny, ekspertleri özünde jemleýär, olar halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda halyçylyk boýunça sünnälenen gadymy çeperçilik ýörelgelerini aýawly saklamagy we baýlaşdyrmagy maksat edinýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çärä gatnaşyjylara Gutlagynda türkmen halysynyň biziň halkymyzyň gadymymylygynyň we akyl-paýhasynyň subutnamasy bolup, gözelligi we hili boýunça özboluşlylygy, deňsiz-taýsyzlygy bilen umumy adamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň gadymy sungatlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany halkymyzyň ösen haly sungatynyň dünýäniň beýleki halklarynyň çeper sungatyna düýpli täsir edendigini belläp, “Türkmeniň kalby-türkmen halysy” atly halkara sergisiniň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky ?I mejlisiniň ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, uz barmakly ussat halyçylarymyzyň täsin sungatynyň köp dürlüligini aýdyňlyk bilen görkezjekdigini aýtdy.

Täze Galkynyş eýýamynda asyrlar boýy kämilleşdirilen özboluşly milli halyçylyk sungatynyň taryhynyň we gadymy ýörelgeleriniň hemme taraplaýyn öwrenilmegine, gadymy haly nagyşlarynyň we täsin galdyrýan nusgalaryň täzeden dikeldilmegine güýçli itergi berildi.

Häzirki wagtda geçmişde dokalan ajaýyp türkmen halylary dünýäniň uly muzeýlerni, Ýewropadaky köşkleri bezeýär, olar el halyçylygyna uly sarpa goýýanlaryň şahsy toplumlarynyň bezegi hasaplanýar. Häzirki wagtda döwrebap işler–gadymy ýörelgeleri göwnejaý dowam etdirýän türkmen halyçy zenanlarynyň döredýän hakyky sungat eserleri türkmen halysynyň tutuş dünýäde gözelligiň we kämilligiň özboluşly etalony hökmündäki derejesiniň saklanmagyna ýardam berýär.

Ajaýyp türkmen halylary reňkleriň täsin galdyrýan sazlaşygyny özünde jemleýär. Şu maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda dünýäniň muzeýlerinde we hususy toplumlarda saklanyp galan gymmatly taryhy nusgalar, täsin galdyrýan halylar baradaky ýazgylar we fotosuratlar, arhiw materiallary, tebigy ösümlikleriň dünýäsi we haly ýüplügini boýamagyň gadymy tehnologiýalary we başga-da köp sanly meseleler barada gürrüň edildi.

Halkara Kipr uniwersitetiniň we Siwasyň döwlet uniwersitetiniň (Türkiýe), Ştutgartdaky Linden etnografiýa muzeýiniň (Germaniýa) tanymal taryhçy alymlary we sungaty öwrenijileri, Owganystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we ABŞ-den el halyçlygy boýunça bilermenler we halyşynaslar ylmy gözlegleriň we barlaglaryň täze netijeleri barada gürrüň berdiler. Türkmen alymlary hem-de ýurdumyzyň ýokary çeperçilik mekdepleriniň we okuw mekdepleriniň mugallymlary, paýtagtymyzdaky esasy muzeýleriň hünärmenleri, Milli golýazmalar institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutunyň doktorantlary we aspirantlary, halyçylyk pudagyna degişli döwlet kärhanalarynyň işgärleri öz maglumatlary bilen çykyş etdiler.

Pikir alyşmalaryň barşynda türkmen we daşary ýurt çeşmelerinde halylar we halydaky alamatlar boýunça irki arheologik we etnografik subutnamalary, ýazgylary öwrenmek hem-de türkmen halkynyň bu gadymy sungatynyň haýran galdyryjy taryhy we çeperçilik ähmiýeti boýunça ylmy barlaglary geçirmek arkaly uly üstünlikleriň gazanylýandygy bellenildi.

Ylmy maslahat tamamlanandan soňra, şu gün Türkmen halysynyň milli muzeýinde öz işini tamamlan “Türkmeniň kalby—türkmen halysy” atly halkara sergisne gatnaşyjylara diplomlary we sertifikatlary gowşurmak dabarasy bolup geçdi.

“Türkmeniň kalby-türkmen halysy” atly halkara sergisine we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ?I mejlisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Sergä gatnaşyjylar agşam “Altyr asyr” seýilgäh toplumynda guralan baýramçylyk dabarasyna çagyryldy. Bu çäräniň çäklerinde sergä gatnaşyjylaryň ählisiniň, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň gatnaşmagynda halyçylyk pudagynda tapawutlanyp işleýänlere hem-de türkmen el halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşanlara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy bolup geçdi.

Bulardan başga-da şu ýylda guralan döredeijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Esasy baýraklar—Gran-pri we dürli nominasiýalar boýunça birinji orunlara degişli baýraklar Aşgabadyň çeperçilik-synag kärhanasynyň, Marynyň, Balkanabadyň we Serdaryň çeper halçylyk kärhanalarynyň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň synag sehleriniň ussatl halyçylaryna berildi.

Bu baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň sungat işgärleriniň täsirli çykyşlary bilen tamamlandy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Göçme Mejlisi

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Maryda Sadaka Berdi we Ministrler Kabinetiniň Göçme Mejlisini Geçirdi

turkmenhabargullugy

Ene mähri merkezinde üçem çaga dünýä indi.

syrach