10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama İordaniýada saparda boldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama İordaniýadaky siriýaly bosgunlar üçin Kongresden 200 million dollarlyk maliýe kömegini talap etjekdiklerini aýtdy.

İordaniýanyň paýtagty Ammanda saparda bolan Obama İordan Şasy Abdullah bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýanatynda 200 million dollarlyk maliýe kömeginiň siriýaly bosgunlaryň gündelik durmuşlarynyň gowulandyrylmagy üçin ulanyljakdygyny nygtady.

İordaniýada 460 müňden gowrak siriýaly bosgun bar.

ABŞ-nyň Prezidenti Obama mundan başgada Ysraýyllylar bilen Palestinalylaryň parahatçylyk meselesinde ylalaşyga gelmekleri üçin henizem pursadyň bardygyny emma munyň wagtyň geçmegi bilen kynlaşýandygyny aýtdy.

Obama taraplaryň arasyndaky ynamsyzlygyň azalmagyň ýerine ýokarlaýandygyny nygtady.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Türkmen Bedewiniň Baýramyna Bagyşlanan Dabaralara Gatnaşdy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň Ilçisinden Ynanç Hatyny Kabul Etdi

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi