18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DURMUŞ

Ýagty gelejege uly ýnam bilen garamak.

Türkmen körler we kerler jemgyýeti şu ýyl 80 ýyllygyny belleýär. Meýletinlik, deň hukuklylyk, öz-özüňi dolandyrmak we kanunçylyk esasynda hereket edýän bu jemgyýetçilik guramasyna 18 ýaşy dolan Türkmenistanyň raýatlary agza bolup bilerler. 1932-nji ýylda döredieln bu gurama hukuklaryny we bähbitlerini goramak bilen, görüş, eşdiş we sözleýiş boýunça maýyplary özüne birleşdirýär. Bu günki gün Türkemn körler we kerler jemgyýetiniň 2859 sany agzasy bar. Görüş, eşdiş we sözleýiş taýdan mümkinçilikleri çäkli bolan adamlary durmuş reablitizasyny geçirmek, olary zähmete, medeniýete we sporta çekmek, olaryň jemgyýetçilik işjeňligini durmuş taýdan goramak we ösdürmek bu Guramanyň esasy wzipeleri bolup durýar. 

Türkmen körler we kerler jemgyýetiniň merkezi dolandyryş edarasynyň başlygy, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Çary Berkeliýewiç Öwezow bilen bolan söhbetdeşlikde aýdyşy ýaly, görüş, eşdiş we sözleýiş boýunça maýyplara goldaw berýän, olara ruhy we maddy taýdan goldaýan bu guramanyň ýurduň ähli welaýatlarynda wekilhanasy bar. Türkmen körler we kerler jemgyýetiniň düzümine okuw-önümçilik kärhanalarynyň 10-sy girýär. Olarda mümkinçiligi çäkli bolan adamlar zähmet dikeldişini geçýärler. Şeýle kärhanalaryň 2-si Aşgabatda, Balakanabat, Türkmenbaşy, Serdar, Türkmenabat, Dşaoguz, Atamyrat, Mary, Baýramaly şäherleriniň her birinde bir sany kärhana bar. 

Mundan hem başga Merkezi Aziýada ýeke-täk bolan durmuş-dilkeldiş toplumy işleýär. Bu merkezde dürli görnüşli dikeldiş sapaklary geçilýär. Bu ýerde Braýl elipbisi we el hereketleriniň dilini, şeýle hem „JAWS“ „gürläp bilýän“ ýörite programma boýunça kompýuter sowatlylygyny öwredilýär. Häzirki wagtda Türkmen körler we kerler jemgyýetiniň PROON bilen bilelikdäki „Çäkli mümkinçilikleri bolan adamlaryň durmuşa gatnaşdyrylmagy we integrasiýasy“ taslamasynyň çäklerinde paýtagtyň durmuş-dikeldiş toplumynda professional dikeldiş boýunça – oba ýerlerinden gelen görşi boýunça maýyplara owkalama usuly öwredilýär. Biz Guramanyň agzalaryny sport we çeper höwesjeňler poralaryna çekmäge çalyşýarys. Medeniýet we sport – durmuş dikeldişlereiniň möhüm usullary bolup durýar. Biz bu usullary işjeň peýdalanýarys. 

Türkmen körler we kerler jemgyýetiniň agzalarynyň arasynda zehinli aýdymçylar, tansçylar, şahyrlar bar. Muňa biziň ýurdumyzyň dürli şäherlerinde 2001-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän şygyryň we sungatyň festiwaly hem şaýatlyk edýär. Şeýle festiwalyň nobatdakysy Türkmen körler we kerler jemgyýetiniň döredilmeginiň 80 ýyllygyna Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanyp ýakynda Aşgabat şäherinde geçirildi. Ýurduň ähli welaýatlaryndan gatnaşan höwesjeň artistler 18-23-nji sentýabr aralygynda Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň dürli guramalarynda konsert programmasy bieln çykyş etdiler. Konsertler Körler we gowşak görýän çagalar mekdep-internatynda, Soňra ker bolan we gowşak görýän çagalar mekdep-internatynda, Maýyplar we garrylar öýünde , 3 ýaşyndan 7 ýaş aralygynda bolan ker çagalaryň terbiýelenýän gije-gündizleýin ýatylýan 81-nji ýöriteleşdirilen mekdep ýaşyna çenli edarasynda uly üstünlik bilen geçirildi. Festiwal paýtagtyň „Watan“ kinokonsert merkeziniň ajaýyp zalynda uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy. 

Sahnada gyzlaryň ynamly tans edişlerini göreniňde, birnäçe ýyl mundan ozal kerleriň hiç biriniň hem sahna çykmandygyna ynanasyň gelmeýär. Wals we „Bahar“ türkmen tansy, gülkili sahnalar we pantomima, ýokary terjimeli häzirki zaman estrada aýdymlary, Daşaoguzdan Gadam Esenowyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren „Şemşat“ diýen türkmen halk aýdymy, Aşgabatdan Maral Halmyradowanyň ýerine ýetiren aýdymlary, Marydan Läle Myradowanyň çykyşy, tansçylar gyzlar toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymy – tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy hem-de güçli er çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konsert şatlykly pursatlary diňe bir tomaşaçylara paýlaman, eýsem ony ýerine ýetirijilerde hem uly şatlykly pursatlary döretdi. 

Türkmenistan oňki Sowet Soýuzynyň ýurtlarynyň arasynda BMG-niň maýyplaryň hukugy hakyndaky konwensiýasyna ilkinji bolup gol çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça Aşgabatda we welaýatlarda maýyplar üçin täze dikeldiş merkezler gurlar. Bu ulgamda bu ugur boýunça edilýän işleriň ählisi hem – maýyplygy boýunça pensiýalaryň we çagalykdan maýyplygy boýunça kömek pullarynyň köpeldilmegi, tikin we demir önümlerini öndürmek boýunça mýyplaryň güýji ýetjek işler bilen işe ýerleşdirmek we üpjün etmek, hukuk özgertmeleri, sport we sungat bilen meşgullanmaga mümkinçiligiň döredilmegi uly ähmiýete eýedir.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Sport we syýahatçylyk parahatçylygyň, döredijiligiň we sagdynlygyň kepilidir

syrach

TOPH HGalkara Gaz Geçirijisiniň Gurluşygy Dowam Edýär

Türkmenistanyň Döwlet Muzeýinde Baýdak Baýramyna Bagyşlanan Sergi Açyldy