24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmen Döwlet Sirkinde Hawýanlara Baş Öwrediji Müsürli Hamad Kutyň Gatnaşmagynda Tomaşa Görkezildi

Türkmen Döwlet Sirkinde Hawýanlara Baş Öwrediji Müsürli Hamad Kutyň Gatnaşmagynda Tomaşa Görkezildi

Türkmen döwlet sirkinde bolan bu tomaşada masgarabazlykdyr howrply çykyşlar, wagşy hem täsin haýwanlara baş öwretmek ýaly sirk sungatynyň ähli žanrlary görkezildi. Ol aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ajaýyp täze ýyl sowgady boldy.

Ekwilibristler Aleksandr Loginow bilen Wladimir Sozanowyň „Maýatnik“ atly batyrgaý, çeýe we sowukganly çykyşyna haýran galyp tomaşa edenler olary şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler.

Tanap üstünde çykyş edýän doganlar Bekzot we Jemşit Taşkenbaýewiň çykyşy tomaşaçylary aňk etdi.

Wladimir Sozanowyň ýolbaşçylygyndaky polat şarda gorkezilen „Batyrgaýlyk şary“atly motor üstünde çylşyrymly tilsimler tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky „Galkynyş“ toparynyň artistleriniň ýüwrük bedewleriň üstünde görkezýän çylşyrymly çykyşlaryny tomaşaçylar şowhunly el çarpmalar bilen garşyladylar.

Magarabaz Mihail Mingazowyň we onuň enaýyja kömekçisi–baş öwredilen güjijegiň çykyşlary tomaşaçylaryň keýpini çaglady.

Haýwanlara baş öwrediji, „Kümüş but“ baýragynyň eýesi müsürli Hamad Kutyň çykyşy has-da täsirli boldy. Batyr „Müsür şazadasy“ eli diňe bambuk taýajykly on sany ýolbarsly we üç sany gaplaňly gözenege girýär… Gaýratly hem zehinli artistiň wagşy haýwanlara diýen etdirişi göreni haýran goýýar. Onuň özüne çekiji çykyşyndan gözüňi aýrasyň gelmeýär.

Degişli makalalar

Türkmenistan-BMG.

syrach

Ulag ýollary hakynda.

syrach

Birinji Tapgyr Güýçlüleri Öňe Saýlady