15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

Ahal HTTU-yň yzyndan ýetdi.

Aşgabatda we Balkanabatda geçirilen duşuşyklaryň ikisi bilen şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji tapgyry tamamlandy.

Paýtagtymyzyň “Olimpiýa” stadionynda Türkmenistanyň futbul federasiýasynyň Kubogyny almak ugrunda ýakynda tamamlanan ýaryşyň jemleýji duşuşygynda güýç synanyşan toparlar bolan “Aşgabat” we “Ahal” duşuşdylar. Mälim bolşy ýaly, 1-nji aprelde geçirilen şol oýunda esasy wagt 1:1 hasabynda tamamlanypdy. Şondan soňra geçirilen 11 metrlik urgularyň netjesinde 5:4 hasabynda “Ahal” topary ýeňiş gazanypdy.

Bu iki toparyň arasynda geçirilen şu günki duşuşyk hem çekeleşikli boldy. Onda esasy wakalar oýnuň ahyrynda ýaýbaňlandy. 88-nji minutda “Ahalyň” goragçysy Ata Geldiýew oýnuň düzgünini bozdy we ýer eýeleri 11 metrlik urgy urmaga hukuk gazandylar. Ýöne Elman Tagaýew şol urguny Akmyrat Gurbanowyň goraýan derwezesine geçirip bilmedi. Oýnuň 90-njy minutynda “Ahal” toparynyň oýunçysy Serdar Geldiýew Sergeý Kuznesowyň goraýan derwezesine bir pökgini geçirmegi başardy. 

Degişli makalalar

Aşgabatlylar Iň Ökde Bilýardçylar

syrach

“Top-12” Milli bäsleşigi 2012-nji ýylyň iň gowy tennisçilerini kesgitledi.

syrach

Stol üstünde oýnalýan tennisiň ussatlarynyň jemleýji ýaryşlary.

syrach