15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Iordaniýanyň ilçisi işläp başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa Iordaniýa Haşemit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Amjad Odeh Adailehden ynanç hatyny kabul etdi. 

Türkmen döwletinin Bastutanynyň adyndan Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, dasary yurduň doly ygtyyarly wekiline Türkmenistan bilen Iordaniýanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmek we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Oňat arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, ilçi öz gezeginde türkmen döwletiniň Baştutanyna, bütin türkmen halkyna oz yurdunyň ýolbaşçylygynyň adyndan mähirli gutlag sözlerini we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 

Soňra bolup geçen söhbetdeşligiň barşynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri syýasatynyň esasy ugurlary we ileri tutulýan taraplary barada, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurtda ýaýbaňlandyrylan durmuş –ykdysady özgertmeler, şeýle hem halkyň abadançylygyny, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagy özüniň baş maksady hökmünde orta çykarýan maksatnamalaryň we iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylyşy barada gürrün berildi. Şeýle hem diplomat türkmen parlamentiniň gurluşy we köptaraplaýyn işi bilen tanyşdyryldy. 

Jenap Amjad Odeh Adaileh häzirki zaman Türkmenistanyň ösüş depginlerine haýran galýandygyny beýan edip, Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge Iordaniýanyň gyzyklanma bildirýändigini belledi. Ol gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde-de ösdüriler. 

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde energetika ulgamy, lukmançylyk senagaty we farmasewtika, nou-hauny peýdalanmak boýunça tejribe alyşmak we ylmy ösdürmek görkezildi. 

Şeýle hem şu gün Iordaniýa Haşemit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. 

Türkmenistanyň Ykdysady we ösüş ministrliginde Iordaniýanyň doly ygtyýarly wekili bilen ertir geçirilmegi bellenen duşuşykda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. 

Medeni maksatnamanyň çäklerinde diplomat türkmen paýtagtynyň iri muzeýleriniň gymmatlyklary we Aşgabadyň gözellikleri bilen tanyşdyrylar.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisinde Eden Çykyşy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach

Türkmenistanyň DIM-inde duşuşyk.

syrach