21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Ahal we Istiklol

Şu gün «Aşgabat» stadionynda Türkmenistanyň «Ahal» we Täjigistanyň «Istiklol» toparynyň arasynda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrunda «S» toparynda ikinji tapgyryň duşuşygy geçirildi.


«Ahalyň» bäsdeşi «Istiklol» topary häzirki günde Täjigistanyň güýçli futbol kluby bolup durýar. Täjigistanyň 3 gezek çempiony bolmagy başaran topar ýurduň Kubogyna 4 gezek, Naýbaşy kubogyna bir gezek mynasyp boldy, 2012-nji ýylda bolsa yklymyň ähmiýeti boýunça üçünji derejeli baýragyny — AFK-nyň prezidentiniň Kubogyny eýeledi. Myhman toparyň düzüminde milli ýygyndy toparyň oýunçylarynyň 14-siniň we Ispaniýadan, Serbiýadan, Ukrainadan hem-de Eýrandan oýunçylaryň dördüsiniň bardygyny hem aýtmak gerek. Şulara nazara alyp, hakykatda, şu gün Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky bürünç baýragynyň eýesi daşary ýurtly oýunçylar bilen güýçlenen Täjigistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşdy diýip aýtmak bolar. 


Oýunçylary seçip almakda täjik klubynyň güýçli artykmaçlygyna garamazdan, biziň watandaşlarymyz oýnuň şowly jemlenmegine golaý geldiler. 


Myhmanlar eýýäm bäşinji minutda hasaby açdylar. Çekeleşikli oýun pursadynda myhman toparyň futbolçysy Fathullo  Fathulloýew sag gyradan alan pökgäsini derwezä därs gönäkdirmegi başardy. 26-njy minutda Süleýman Orazow 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, hasaby deňledi. Oňa şeýle mümkinçilik 60-njy minutda-da döredi. Emma ikinji 11 metrlik urgyny şowly geçirmäge biziň futbolçymyza serbiýaly derwezeban Nikola Stoşiç päsgel berdi. Türkmen futbolçylary ýeňiş gazanmaga ymtylyp, hüjüme geçdiler, myhmanlar bu ýagdaýdan peýdalanyp, garşylyklaýyn hüjüm guradylar. Bu dartgynly oýun pursatlary derwezäniň uzakdaky burçuna takyk ugry geçiren «Istiklola» 2:1 hasabynda ýeňiş getirdi.


AFK-nyň Kubogynyň toparlaýyn ýaryşynyň indiki tapgyrynda «Ahal» 18-nji martda Aşgabatda Yragyň «Erbilem» topary bilen oýnar.

Degişli makalalar

Türkmen 3×3 Basketbol Topary Altyn Medallaryň Ugrunda

Türkmen Pälwanlary Ýaryşa Üstünlikli Girişýärler

syrach

Taý Boksunyň Ussatlary Ýaryşa Çagyrylýar

syrach