05.05.2024
SPORT

Türkmen futbolçylary AFK-2012 çagyryş Kubogy ugrundaky ýaryşy eňiş bilen başladylar

Ähmiýeti boýunça sebitde ikinji baýrak ugrunda dört topara bölünen milli ýygyndylaryň 17-si bäsleşýärler. Her topardan ýeňijileriň ikisi jemleýji tapgyrda bäsleşigi dowam ederler. AFK-2012 çagyryş Kubogynyň eýesi Awstraliýada 2015-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň jemleýji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Atylan bijä laýyklykda Türkmenistanyň ýygyndy topary Pakistanyň, Hindistanyň we Taýwanyň komandalary bilen bilelikde “B” toparyny emele getirdi. Bu topardaky oýunlar Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçiriler.

Pakistanlylara garşy geçirilen oýnuň her bölüminiň başynda derwezä tiz geçirilen pökgüler Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdiriji Ý.Hojageldiewiň şägirtlerine üstünlik getirdi. Oýnuň 6-njy minutynda D.Urazow A.Amanowyň beren pökgüsi bilen hasaby açmagy başardy. Oýnuň 46-njy minutynda bolsa eýýäm A.Amanowyň özi pökgüni garşydaşyň derewezine dürs gönükdirip hasaby 2:0-a ýetirdi.

Şondan soň düzüminde Angliýanyň “Fulhem” toparynyň öňki goragçysy Z.Rehman bolan pakistanlylar howply hüjümleriň birnäçesini geçirdiler. Şolaryň birinde pökgi R.Alihanowyň derwezesiniň sütünine degdi.

Oýnuň 79-njy minutynda G.Çonkaýewiň oýna girmegi bilen türkmenistanlylar gaýtadan hüjüme geçip ugradylar. Ilki bilen “Altyn asyryň” hüjümçisi amatly pursatlaryň birnäçesini elden giderdi, oýnuň tamamlanmagyna 4 minut galanda bolsa G.Çonkaýewiň jerime meýdançasyndan uran pökgüsini Pakistanyň ýygyndy toparynyň derwezebany yzyna gaýtarjak bolup synanyşdy, emma pökgä ilkinji ýetişen M.Karadanow hasaby 3:0-a ýetirdi.

Türkmenistanyň ýygyndy topary şu düzümde çykyş etdi: Alihanow, Kömekow, Goçkulyýew, Belyh, Sarkisow (Garajaýew, 73), Çöliýew, Hojaahmedow, Allanazarow, D.Urazow (Hangeldiýew, 38), Amanow (Çonkaýew, 79), Karadanow.

Türkmenistanyň ýygyndy topary özüniň indiki oýnuny Taýwanyň toparynyň garşysyna geçirer. Bu topar ýaryşyň birinji tapgyrynda 0:3 hasaby bilen Hindistanyň futbolçylaryndan utulypdy.

Birinji tapgyryň beýleki duşuşyklarynyň netijeleri. “A” topary (oýunlar Ýangonda geçirilýär): Mýanma – Filippinler – 1:1, Palestina – Bangladeş – 2:0, “Ç” topary (oýunlar Malede geçirilýär): Täjigistan – Gyrgyzystan Respublikasy – 1:0, Maldiwler – Kamboja – 4:0. “D” toparynda KHDR-iň, Nepalyň, Şri-Lankanyň ýygyndy toparlarynyň we Butan – Owganystan duşuşygynyň eňijisiniň gatnaşmagynda saýlama oýunlary Katmanduda 7-nji aprelden 11-nji aprel aralygynda geçiriler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Şaşka Boýunça Şahsy Birinjilik

Žurnalistleriň Arasynda Şaşka Ýaryşy Geçirildi

Iň Uly Üç Stadion

turkmenhabargullugy