21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ahalyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi.

Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde sebitiň ekerançylarynyň uly zähmet ýeňşi – pagta hasylyny taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara obasenagat toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, öňdebaryjy pagtaçylaryň, etrap häkimlikleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly ýygnak bilen başlandy. 

Ýygnaga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň “ak altyn” ussatlaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine iberen Gutlag hatyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Mill Liderimiziň belleýşi ýaly, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan baý tejribäni, ylmyň, agrotehnikanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly bol hasyl ösdürip ýetişdirýän ekerançylara uly sarpa goýulýar. Muňa ahally pagtaçylaryň şu ýyl gazanan uly zähmet üstünligi hem şaýatlyk edýär. Olar Watan harmanyna gymmat bahaly “ak altynyň” 213 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. 

Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýaty ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürýän sebitleriniň biridir. Şu möwsümde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda 120 müň gektar ýere sebitiň toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän gowaçanyň inçe we orta süýümli sortlary ekildi. Häzirki wagtda pagta taýýarlamagyň möçberleri boýunça Gökdepe, Baharly, Babadaýhan, Ak bugdaý, Altyn asyr we Tejen etraplarynyň pagtaçylary öňde barýarlar. 

Dabarada çykyş edenler welaýatyň ekerançylarynyň zähmetine beren ýokary bahasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, pagtaçylaryň bu nobatdaky zähmet ýeňşi milli Liderimiziň oba zähmetkeşleri hakyndaky hemmetaraplaýyn aladasy, daýhanlaryň netijeli işlemekleri üçin döredilen oňyn şertleriň netijesinde mümkin boldy. Döwletimiz pagtaçy-kärendeçileri gowaçanyň ýokary hasylly tohumlar, mineral dökün, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alynýan häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün etmek arkaly hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Soňky ýyllarda oba hojalyk önümleriniň, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýetli pagtanyň satyn alyş nyrhlary yzygiderli ýokarlandyrylýar. 

Şeýle hem obasenagat pudagynda suwaryş ulgamlarynyň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygyna, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ylmy işläp taýýarlamalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna, tohum-seçgi işiniň ösdürilmegine, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. 

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde durmuşa geçirilýän iri möçberli işleriň netijesinde, türkmen topragynyň alysda ýerleşýän künjekleriniň hem keşbi düýpgöter özgerýär, oba ýaşaýjylarynyň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ýakynda bolup geçen Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde oba hojalygyny mundan beýläk-de has belentliklere çykarmaga gönükdirilen ykbalçözüji kararlar kabul edildi. 

Dabaranyň barşynda welaýatyň oba hojalyk pudagynyň aýratyn tapawutlanan işgärlerine döwlet Baştutanynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Welaýatyň pagtaçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna kabul edilen Ýüzlenmede döwlet Baştutanymyzy tutanýerli zähmetleri bilen mundan beýläk hem Watanymyzyň gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen iri möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Degişli makalalar

Mejlis Batyr Atdaýewi Baş Prokuroryň Wezipesine Bellemäge Razylyk Berdi

turkmenhabargullugy

Prezidentimiz Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Baş Sekretaryny Kabul Etdi

syrach

Özbegistan syýahatçylyk pudagynyň tanyşdyrylmagy üçin uly tagalla edýär.

syrach