22.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Awiaýolagçylar üçin täze žurnal.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy indi öz ýolagçylaryna hyzmatlaryň täze görnüşini maglumat beriş – özüne çekiji we düşünje beriş hyzmatyny hödürleýär. Türkmen awiaugurlarynyň ýolagçylary üçin niýetlenen žurnal bu maksada doly laýyk gelýär, onuň ilkinji sany çapdan çykdy. 

Ýalpyldawyk, öwüşginli we bezelen neşir “Laçyn” diýlip atlandyrylýar. Bu laçyn nyşanly uçarlaryň ýolagçylary üçin ýakymly täzelik boldy. Täze žurnalyň uçuşda okamak üçin ýörite niýetlenilen “inflaýt” görnüşindäki ilkinji milli neşiriň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasy üçin ýubileý ýylynda peýda bolmagy guwançlydyr: 2012-nji ýylda döwlet milli gullugy özüniň döredilmeginiň 20 ýyllygyny belläp geçdi. 


Täze žurnalyň neşir edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan pudagyň öňünde, hususan-da, ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak barada goýan wezipelerini çözmekde “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň alyp barýan uly işiniň bir bölegidir. Mundan başga hem döwlet Baştutany tarapyndan bellenen milli awiaugurlaryny ösdürmegiň toplumlaýyn strategiýasy täze halkara ugurlaryny açmagy, raýat awiasiýasyna maýa goýumlaryny çekmegi, awiaparky täzelemegi, ýurdumyzyň şäherlerinde täze howamenzillerini gurmagy we howa hereketini dolandyrmagyň häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. 

Häzirki wagtda milli awiaugur her aýda halkara ugurlarynyň 15-si boýunça 57,5 müň ýolagçyny we içerki ugurlar boýunça her aýda 90 müň ýolagçyny gatnadýar. Mugt ýaýradylýan žurnal diňe bir howa gämisinde däl, eýsem, resmi wekiliýetler üçin zallarda, Türkmenistanyň howamenzilleriniň VIP zolaklarynda hem elýeterli bolar, žurnalda köp sanly ýolagçylaryň bähbitleri mazmunly beýan edilýär. Muňa Türkmenistan hakyndaky, şeýle hem türkmen uçarlarynyň uçýan ýurtlary hakyndaky makalalar girýär, syýahatçylygy, işewürligi, medeni däpleri, mirasy we türkmen halkynyň hem-de dünýäniň beýleki halklarynyň häzirki zaman sungatyndan ybarat bolan meseleleriň giň toparyny gurşap alýar. 

“Laçyn” žurnalynyň ilkinji sanynyň esasy mowzugy ahalteke bedewleri boldy. Şonda meşhur tohumdaky bedewleriň taryhy we tapawutly häsiýetlendirmeleri, dünýä atçylyk sportunyň taryhyna giren meşhur bedewler barada özüne çekiji gürrüň berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda arassa ganly tohum atlary ösdürip ýetişdirmäge, biziň ýurdumyzda häzirki zaman atçylyk-sport desgalaryna aýratyn üns berildi. Bulardan başga-da atlary bezemek üçin ajaýyp zergärçilik önümleri hakyndaky makala hem bar, türkmenler gadymy döwürlerden bäri bedewleri bezäp-besläpdirler. 

Täze žurnalyň işewür sahypalary Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge bagyşlanandyr. Makalalar toplumynda ägirt uly kuwwata eýe bolan ýangyç-energetika toplumy Türkmenistan bilen halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin açylýan amatly mümkinçilikler barada söhbet açylýar. Giň möçberli energetika bazarynda kuwwatly döwlet hökmünde biziň ýurdumyzyň mümkinçilikleri giňden açylýar we bu ýagdaý aýratyn hem “Türkmenistanyň nebiti we gazy—2012” atly wekilçilikli halkara maslahatynyň öňüsyrasynda aýratyn möhümdir, şol maslahat Aşgabatda noýabryň aýynda bolar 

Žurnalyň okyjylary Gadymy Merwe hem gaýybana syýahat edip bilerler. Onuň ajaýyp ýerleri bilen we diňe bir söhbet açmakda däl, eýsem, döwürleriň we imperiýalaryň özboluşly taryhy beýanynda grafiki ýagdaýda hem onuň “terjimehaly” bilen tanşarlar. Şeýle hem bu ýerde esasy ýadýgärliklerini alamatlandyrýan bu arheologiki goraghananyň tematiki kartasy hem berilýär. Tomaşa edip, ýatda saklamak üçin niýetlenilen bu maglumatlar tekstiň gysylan ýagdaýyny üpjün edýär, syýahatçylyk gyzyklanmasyny oýarýar. Mundan başga hem žurnalyň birinji sanynda Beýik Hytaý diwary we Dubaý şäheriniň ajaýyp ýerleri hakynda gürrüň berilýär. 

Daşary ýurtly okyjylar üçin 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde Aşgabat baradaky makala hem gyzykly bolar. Şol makaladan Türkmenistanyň sport durmuşy, onuň maksatlary we hakyky olimpiýa geljegi hakynda köp zatlary bilmek mümkindir. Sport bölüminde dünýäniň iň abraýly atçylyk-sport ýaryşlarynyň, şol sanda “Ark de Truimf” Pariž ýaryşyna syn hem berilýär, şol ýaryşda ýakynda Türkmenistandan bolan çapyksuwar hem çykyş etdi. 

Ýurdumyzyň baş şäheri hakyndaky makalalaryň hatarynda Türkmenistanyň Baş milli muzeýi, onuň türkmenleriň şöhratly geçmişine şaýatlyk edýän baý gymmatlyklary hakyndaky özboluşly we taryhy maglumatlardan ybarat makala hem bar. 

Ýöriteleşdirilen maglumatlar žurnalyň makalalaryny jemleýär. Şonda Türkmenistanda raýat awiasiýasynyň taryhyna we milli awiakompaniýanyň, şeýle hem ýurdumyzyň howa flotiliýasynyň şu gününe nazar aýlanýlýar we türkmen awiaugurlarynyň kartasy, halkara we ýerli ugurlaryň jetweli, ýüki daşamagyň şertleri we howpsuzlyk usullarynyň kadalary, hödürlenýän hyzmatlar we başgalar berilýär. Mahlasy, bu ýerden zerur gatnaşyk maglumatlary bilen Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen daşary ýurt ilçihanalarynyň we Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň sanawyna çenli “Türkmenhowaýollarynyň” hyzmatyndan peýdalanýan ýolagça zerur boljak ähli maglumatlary tapmak mümkindir. 

Žurnaly gyzyklanyp okamak babatda harytlaryň we hyzmatlaryň giň toparyny wagyz etmegiň oňat bezelen täjirçilik maglumatlary hem göze ilýär. Mahlasy, žurnaly häzirki zaman neşir işiniň халкара ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp we özüne çekiji fotosuratlary bilen bilelikde gürrüňsiz suratda türkmen awiaugrunyň her bir ýolagçysy üçin aýdyň syýahat etmäge öwrüler. Ol diňe bir oňat keýpiçaglygy döretmek bilen çäklenmän, eýsem, gözýetimiňi giňeltmek we uçuş mahaly wagtyňy gyzykly geçirmek, Türkmenistanyň myhmansöýerligi hem-de sahylygy,ýürekdeş we zehinli halky bilen ýakyndan tanyşmak üçin hem peýdaly bolar.

Degişli makalalar

Türkmenabatda Maýyplar we Durmuş Goraglylygyna Aýratyn Mätäçlik Çekýän Beýleki Raýatlar Üçin Niýetlenen Ýaşaýyş Jaýynyň Gurluşygyna Başlanyldy

(TENDER) Türkmenbaşynyň Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodlar Toplumy Bäsleşik Yglan Edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy