21.2 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET YLYM

Ähli Ösüşlerimiz Ylmyň Gazananlaryna Daýanýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň kuwwaty we gülläp ösmegi, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnologiýalar yň ösüşi, milletiň intellektual derejesi bilen kesgitlenýär. Ylym ähli ösüşiň özenidir, hamyrmaýasydyr”.

Berkarar Türkmenistan döwletimizde Täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler eýýamynda gazanylan, diňe bir biziň özümizi däl, eýsem-de bolsa, bütin dünýädäki dostlarymyzy-da haýran galdyrýan üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça edýän taýsyz tagallalarynyň, alyp barýan ýadawsyz zähmetiniň miwesidigi hemmämize aýdyňdyr. Sanlyja ýylyň içinde milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen baş ýörelgesiniň saýasynda Türkmenistan döwleti sebitde we halkara arenasynda ykdysadyýetde, syýasatda, saglygy goraýyş ulgamynda, ynsanperwerlikde, hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklarynda abraýyny has-da belende galdyrmagy başardy.

Halk hojalyk pudaklarynyň ählisinde diýen ýaly uly ösüşleri gazanýan mähriban Diýarymyzda ylym-bilim ulgamy has-da uly özgerişlikleri başdan geçirdi. Hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan ýurdumyzda göz öňüne tutulan ösüşleriň täze sepgitlerine ýetmegi üçin zerur bolan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň ylym-bilim ulgamyny täzeden özgertmek bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Şu babatda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, alnyp barylýan ylym-bilim syýasatynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, amalyýeti, nazaryýeti we usulyýeti kämilleşdirmek öňde goýlan maksatlaryň başynda gelýär. Şeýle nukdaýnazardan seretsek, geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzda hereket edýän birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň, uniwersitetleriň, akademiýalaryň, institutlaryň täze okuw binalarynyň açylmagy, olara innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ylym-bilim babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegi, halkara derejesinde ylmy maslahatlaryň, seminarlaryň, forumlaryň, sergileriň yzygiderli geçirilmegi hormatly Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan ylym-bilim syýasatynyň netijeliliginiň has-da artandygyny alamatlandyrýar. Golaýda paýtagtymyzda Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilen “Beýik Galkynyşlar eýýamynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty we sergisi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan döwleti eýýäm birnäçe ýyldan bäri gumanitar ulgamda BMG, ÝB ýaly halkara guramalary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, ABŞ, Russiýa, Germaniýa, Türkiýe, Beýik Britaniýa, HHR, Hindistan, Günorta Koreýa ýaly dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen bolsa ikitaraplaýyn gatnaşygy alyp barýar.

Beýik Özgertmeler zamanasynda ylym-bilin pudagy boýunça alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň amaly netijeleri has-da artdy. Mysal üçin, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudagy üçin zerur bolan hünärmenleri ýetişdirýän mugallymlarymyz Beýik Britaniýada, Russiýada, ABŞ-da, Hytaýda we başga-da birnäçe dünýä döwletlerinde okuwlar geçýärler. Birnäçe türkmen ýaşlarymyz TEMPUS, TASIS, DAAD, FULLBRIGHT ýaly halkara maksatnamalaryň we ikitaraplaýyn hökümetara ylalaşyklaryň çäklerinde agzalan ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýarlar, dürli hünärleri öwrenýärler.

Mundan başga-da, Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Russiýanyň I. M. Gubkin adyndaky Nebit we gaz döwlet uniwersitetiniň şahamçasy, Daşoguzda türkmen oba hojalyk instituty açyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gitdigiçe kämilleşýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, döwletimiziň ylym-bilim we tehnika babatdaky syýasatynyň özeni we esasy maksady halkymyzyň intellektual derejesini ýokarlandyrmakdan, bäsleşige ukyply ylym-bilim ulgamyny döretmekden hem-de dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen sazlaşykly ösüşi gazanmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, onuň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim babatda-da eziz Diýarymyzyň dünýäde iň öňdäki orunlara çykjakdygyna şek-şübhe ýokdur.

 

Degişli makalalar

GDA-dan Synçylar Toparynyň Ştabynyň Ýolbaşçysy Ýewgeniý Sloboda Prezident Saýlawrynyň Guramaçylygyna Ýokary Baha Berýär

turkmenhabargullugy

RLDP-niň Ýolbaşçysy W.Žirinowskiý Mähirli Garşylanandygy Üçin Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Hoşallyk Bildirdi

Türkmenistan Beýik Ýüpek Ýolunyň Owgan Ugruny Dikeltdi